Şu gün – 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň köp sanlysyna pasportlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik wekili Narine Saakýan, Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Düýn, 23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda” Permana hem-de “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek” hakyndaky Karara gol çekdi. Bu resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk 1530 adamyň, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekilleri Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, şeýle-de 315 daşary ýurt raýatyna,  ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlaryna we 23 milletiň wekillerine  Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Dabarada halkara guramalaryň wekilleri eden çykyşynda Türkmenistanyň raýatsyzlygyň soňuna çykmak babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna işjeň gatnaşyp, raýatsyzlygy bolmadyk adamlary raýatlyga kabul etmekde Merkezi Aziýada iň ýokary görkezijilere eýedigini bellediler. Dabarada edilen çykyşlardan soňra Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary we ýaşamak üçin ygtyýarnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Degişli resminamalar hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda berildi. Türkmenistanyň pasportyny hem-de Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama alanlar bagtyýar durmuşda ýaşamaga mümkinçilik döredýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de bütin türkmenistanlylary ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy bilen ýürekden gutladylar.