Dün­ýä­niň iň uly elekt­ron paý­na­ma bir­ža­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Nas­daq” ma­ýa go­ýum kom­pa­ni­ýa­la­ry üçin krip­to sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän hyz­ma­ty hö­dür­le­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Mer­ke­zi eda­ra­sy Nýu-Ýork­da ýer­leş­ýän kom­pa­ni­ýa 2018-nji ýyl­dan bä­ri krip­to amal­la­ry üçin teh­no­lo­gi­ýa üp­jün ed­ýär. “Nas­daq” 2021-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de öz in­dek­si­ne esas­lan­ýan “Nas­daq Cryp­to In­dex ETF” ha­ry­dy­ny sa­tu­wa çy­ka­ryp­dy. “Nas­daq”-yň hä­zir­ki wagt­da krip­to sak­la­ýan hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mek üçin ýüz tu­tan­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le-de bol­sa bir­ža­nyň di­ňe teh­no­lo­gi­ýa hö­dür­le­jek­di­gi, krip­to­pul söw­da­sy­ny et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­ret­me­jek­di­gi aý­dyl­dy.
Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, krip­to sak­la­mak hyz­ma­ty gir­de­ji­li­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, bu ugur­da iş alyp bar­ýan şe­re­ket­le­riň sa­ny­nyň köp­lü­gi se­bäp­li bäs­deş­li­giň ýi­ti ugur­la­ryn­dan bi­ri ha­sap­lan­ýar.

Se­ýi­ta­ly Ars­la­now, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by