ABŞ-nyň Aerokosmos edarasynyň DART (“Double Asteroid Redirection Test”) atly maksatnamasynyň çäklerinde Ýerden 11 million kilometr uzakdaky asteroid bilen kosmos gämisi çakyşdyryldy. “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan enjam “Dimorphos” atly äpet daşa baryp urdy. Mundan 10 aý ozal kosmos giňişligine “Falcon 9” raketasy bilen kosmos gämisi iberilipdi. Bu gämi sagatda 22 müň 500 kilometr tizlik bilen uzynlygy 160 metre barabar bolan daşa urdy. “Dimorphos” atly daş “Didymos” atly has uly meteoridiň hemrasy, ýagny şonuň daşyndan aýlanýar. Şeýle hem bu daş 12 sagatdan bir gezek “Didymos”-iň daşyndan aýlanýar.
Häzire çenli planetamyza ululy-kiçili birnäçe meteoroit gaçan hem bolsa, uly zyýan ýetireni ýok. Şeýle-de bolsa astronomlar Ýer üçin howp döredip biljek asman jisimi golaýlanda, onuň ugruny üýtgetmegiň ýollaryny gözleýärler. Bu maksatnama hem şol sebäpli durmuşa geçirildi. Indi bolsa, astronomlar emeli hemralar arkaly “Dimorphos” adteroidiniň ugrunyň näderejede üýtgändigini yzarlarlar.
Agajan Gurbangeldiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby