27-nji sentýabrda Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdel-Aziz Al Saud mirasdüşer şazada Muhammet ben Salman Al Saudy Patyşalygyň ministrler Kabinetiniň başlygy wezipesine belledi. Bu barada “Al Arabiya” teleýaýlymy habar berdi.

Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, Saud Arabystanynyň Patyşasy mirasdüşer şazadany Premýer-ministr edip bellemek barada karar çykardy.

Şol bir wagtyň özünde, monarhyň kararynda  “Patyşanyň hut özüniň gatnaşýan hökümet ýygnaklary Onuň (Patyşanyň) baştutanlygynda geçiriler” diýlip bellenilýär.

Şeýle hem, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň karary bilen Haled ben Salman ben Abdel Aziz ýurduň goranmak ministri wezipesine bellendi. Mundan ozal Patyşanyň özi Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk edýärdi, mirasdüşer şazada bolsa Saud Arabystanynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary we goranmak ministri bolupdy.