Dür­li brend­li aw­tou­lag­la­ry ön­dür­ýän “Volks­wa­gen” to­pa­ry ba­ta­re­ýa ön­dür­ýän “Po­werCo” hem-de Bel­gi­ýa­nyň “Umicore” şe­re­ket­le­ri bi­len umu­my ba­ha­sy 3 mil­liard dol­lar bo­lan hyz­mat­daş­lyk yla­la­şy­gy­na gol çek­di. Hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de elekt­rou­lag ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi üçin çig mal ön­dü­ri­ler. Mu­nuň üçin je­mi 3 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýum goý­be­ri­ler. Ýe­ne-de on ýyl­dan her ýyl­da 2,2 mil­li­on elekt­rou­lag üçin ba­ta­re­ýa çig ma­ly ön­dü­ri­ler. “Po­werCo” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, 2025-nji ýyl­dan baş­lap, Ýew­ro­pa­da­ky ba­ta­re­ýa za­wod­la­ry­ny çig mal bi­len üp­jün edip baş­lar.
Ba­ta­re­ýa önüm­çi­li­gi üçin ge­rek bo­lan li­tiý, ko­balt, ni­kel we man­ga­nes ýa­ly çig mal­lar dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan üp­jün edi­ler. Şeý­le hem ba­ta­re­ýa­lar üçin ge­rek bo­lan ka­to­tyň önüm­çi­li­gi “Umicore”-yň Pol­şa­da­ky za­wo­dyn­da ön­dü­ri­ler. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­lar ula­nyş möh­le­ti ta­mam­la­nan ba­ta­re­ýa­la­ryň gaý­ta­dan peý­da­lan­ma­gy üçin hem hyz­mat­daş­lyk eder­ler.
“Volks­wa­gen”-iň 2030-njy ýy­la çen­li Ýew­ro­pa­da­ky sa­tu­wy­nyň 70 gö­te­ri­mi­ni do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar eme­le ge­ti­rer.

Al­tyn Ju­ma­ýe­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by