Geçen asyryň ortalaryndan bäri kosmos giňişligine ululy-kiçili ýüzlerçe enjam iberildi. Olaryň köpüsi atmosfera urup, ýanyp ýok boldy, käsi Ýere gaýtarylyp getirildi, has köpüsi bolsa ulanyş möhleti tamamlanandan soňra orbitada galdy. Şol galyndylary ýygnamak üçin häzire çenli dürli teklipler orta atyldy. ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasy Ýeriň aşaky orbitasyndaky ulanyşdan galan aragatnaşyk enjamlarynyň bäş ýylyň dowamynda ýok edilmegi üçin teklip taýýarlady. Bu teklibiň durmuşa geçirilmegi bilen kosmosdaky dürli enjamlara ýa-da stansiýalara zeper ýetmeginiň öňi alnar.
1990-njy ýyllarda NASA-nyň düzgünnamasyna laýyklykda köne kosmos enjamlarynyň 25 ýylyň dowamynda orbitadan çykarylmagy teklip edilipdi. Emma soňky ýyllarda kosmosa has köp enjamyň uçurylmagy bilen köne enjamlaryň 25 ýyllap boşlukda aýlanmagy has köp howp döredip biler. Şol sebäpli bu wagtyň bäş ýyl edilmeginiň has maksadalaýyk boljakdygy bellenilýär.
Isa Rejepbaýew,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby