«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy giňden bellenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň giňden bellenýän günlerinde ähli pudaklarda ýokary netijeler gazanylýar, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen desgalar, binalar gurlup ulanylmaga berildi.

Biz her ýyl Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­na sow­gat­lar bi­len bar­mak is­le­ýä­ris. Bu is­leg iç­ki dün­ýä­miz­de mu­kad­des bor­ja, jo­gap­kär­çi­li­ge öw­rül­ýär. Her ýy­lyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne bes­len­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz äh­li ugur­lar bo­ýun­ça uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip, be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýar. Yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy bi­len, ýur­du­myz­da gu­rul­ýan des­ga­la­ryň sa­ny kö­pel­ýär, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­miz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň eçi­len dat­ly mi­we­le­ri­dir. Ýur­du­myz ösüş­le­riň-öz­ge­riş­le­riň me­ka­ny­na öw­rül­di. Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň öze­nin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp barýan sy­ýa­sa­ty dur­ýar.
Dost-do­gan­ly­gyň me­ka­ny­ bo­lan ýur­du­myz­da hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­kit­mek, ösüp gel­ýän ýaş nes­li bi­li­me, yl­ma, ha­lal zäh­me­te hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek bi­ziň baş mak­sa­dy­myz­dyr.
Ýur­du­my­zyň 1991-nji ýy­lyň güý­zün­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lup, san­ly­ja ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä­de iň ab­raý­ly döw­let­le­riň bi­ri­ne öw­rül­me­gi, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry esa­syn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si ber­len ýurt hök­mün­de res­mi taý­dan iki ge­zek yk­rar edi­len ýe­ke-täk döw­let ha­sap­la­nyl­ma­gy, äh­li baş­lan­gyç­la­ry bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­ýan se­bit hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň özü­ni ta­nat­ma­gy ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň mi­we­le­ri­dir. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­re ser sa­la­ny­myz­da, ýur­du­myz­da uly ösüş­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Şu ýer­de kä­bir san­la­ra ýüz­le­ne­si­miz gel­ýär. 2011–2021-nji ýyl­lar­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze gö­nük­di­ri­len umu­my karz­la­ryň möç­be­ri 17,2 mil­liard ma­nat­dan 106 mil­liard ma­na­da çen­li ýo­kar­lan­dy.

Bu karz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Aş­ga­bat şä­he­rin­de we se­bit­le­ri­miz­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly tä­ze önüm­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Hä­zir­ki za­man dur­muş, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa, in­že­ner­çi­lik inf­rast­ruk­tu­ra­la­ry eme­le gel­di. Şu ýyl ýur­du­my­zyň gün­ba­tar we de­mir­ga­zyk se­bit­le­ri­niň mer­kez­le­rin­de kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­lar, Da­şo­guz şä­he­rin­de bol­sa on­ko­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­sy da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di. Aş­ga­bat şä­he­rin­de Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň, Hal­ka­ra pe­di­at­ri­ýa mer­ke­zi­niň hem-de Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň gur­lu­şyk­ işleri al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz bäs­deş­li­ge ukyp­ly smart te­le­wi­zor­la­ry, no­ut­buk­la­ry, plan­şet­le­ri, mo­no­blok­la­ry, sen­sor ek­ran­ly komp­ýu­ter­le­ri dün­ýä ba­za­ry­na çy­kar­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň 60-dan gow­ra­gyn­da nah we ga­ry­şyk ýüp­lük­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri, tüý­jü­mek, jins ma­ta­la­ry, taý­ýar egin-eşik­ler, el ha­ly­la­ry ön­dü­ri­lip, ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­lar dün­ýä ba­za­ry­na çy­ka­ryl­ýar. Ýa­kyn gel­jek­de dün­ýä­niň in­že­ner­çi­lik se­riş­de­le­ri­ni, bi­na­gär­lik sun­ga­ty­nyň ga­za­nan­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly dür­li mak­sat­ly aja­ýyp bi­na­la­ry we des­ga­la­ry öz içi­ne al­ýan, ýa­şa­mak we dynç al­mak üçin äh­li ze­rur­lyk­la­ry üp­jün edi­len «Aş­ga­bat-si­ti» gur­lar. Ýa­kyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de we­la­ýa­tyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň bi­rin­ji tap­gy­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lar.
Ýo­kar­da ag­za­lan yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler­den hem gör­nü­şi ýa­ly, be­ýik ösüş­le­riň ok­gun­ly ba­dy, äh­li kün­jek­le­ri gur­şap alan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler döw­rü­mi­ziň be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­ny top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy ul­gam­la­ry­ny has-da ös­dür­mä­ge de­giş­li iş­ler dur­muş ugur­ly we­zi­pe­le­ri çöz­mek bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­lar, şol san­da 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin ni­ýet­le­nen Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy, Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy, Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ýur­du­my­zyň gel­jek­ki ro­waç­lyk­la­ry­ny hem-de hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­ny na­zar­la­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy hem-de olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi bol­sa Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gel­jek­ki ösüş­le­ri­niň bin­ýa­dy­ny ber­ki­der. Wa­ta­ny­my­zyň pa­jar­lap ös­me­gi, hal­ky­my­zyň bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň do­wa­mat do­wam bol­ma­gy ug­run­da be­ýik iş­le­ri ama­la aşyr­ýan Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun.

He­kim ORA­ZOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň
mu­gal­ly­my.