Her ýylyň 30-njy sentýabrynda dünýäniň köp ýurdunda – Halkara terjime güni bellenilýär. 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýokary hilli terjimäniň halklary birleşdirmekdäki, parahatçylygy, düşünişmegi we ösüşi ösdürmekdäki ornuny ykrar edýän kararnama biragyzdan kabul edildi we 30-njy sentýabr Halkara terjime güni hökmünde kesgitlendi.
Halkara terjime güni Halkara terjimeçiler federasiýasy tarapyndan 1991-nji ýylda döredilýär. Halkara terjimeçiler federasiýasy bolsa 1953-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda 60-dan gowrak ýurtdan 100-den gowrak terjimeçileriň assosiasiýasynyň wekillerini özünde jemleýär. Halkara terjime gününiň 30-njy sentýabrda bellenilmegi tötänden däldir. 420-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda ýazyjy, taryhçy we terjimeçi Ieronim Stridonsk aradan çykýar. Ol terjimeçileriň öňbaşçysy hasaplanýar.
Mekan ANNABERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.