«In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy «Win­dows» ama­ly ul­gam­ly komp­ýu­ter­le­riň te­le­fon­lar bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýän teh­no­lo­gi­ýa­ny taý­ýar­la­dy. «In­tel Uni­son» at­ly prog­ram­ma bi­len komp­ýu­ter­den te­le­fon­da­ky esa­sy dört işi – jaň et­mek hem-de ja­ňa jo­gap ber­mek, mag­lu­mat­la­ry paý­laş­mak, sms iber­mek we ka­bul et­mek, şeý­le hem bil­di­riş­le­ri gör­mek. Bu aý­ra­tyn­lyk bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri «App­le»-iň «Mac» komp­ýu­ter­le­rin­de bar­dy. «In­tel Uni­son» prog­ram­ma­sy ar­ka­ly «iOS» hem-de «And­ro­id» ama­ly ul­gam­ly mo­bil en­jam­la­ry komp­ýu­te­re bi­rik­di­rip bo­lar.
«In­tel» ge­çen ýyl «Scree­novate» at­ly kom­pa­ni­ýa­ny sa­tyn alan­dan soň­ra te­le­fon­la­ryň komp­ýu­ter­ler bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi üçin çöz­güt taý­ýar­lap baş­lap­dy. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa ba­ta­re­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da Wi-Fi, «Blue­tooth» we beý­le­ki ho­wa ar­ka­ly mag­lu­mat ge­çi­ri­ji­le­ri hem taý­ýar­la­ýar. Tä­ze prog­ram­ma­nyň «iP­ho­ne» te­le­fon­la­ry­ny hem ka­bul ed­ýän­di­gi esa­sy ar­tyk­maç­ly­gy ha­sap­lan­ýar. «In­tel»-iň mo­bil in­no­wa­si­ýa bö­lü­mi­niň ýol­baş­çy­sy Joş Nýu­ma­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, tä­ze prog­ram­ma te­le­fon­lar bi­len komp­ýu­ter­le­riň ara­syn­da­ky çalt mag­lu­mat ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün eder.

Döw­ran Nur­mu­ham­me­dow,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.