Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň bellenilýän döwründe eziz Diýarymyz özüniň daşary syýasat ugruny «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty esasynda işjeň ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çuň mazmunly çykyşynda: «Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar» diýip nygtamak bilen, daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugruny mälim etdi. Ýurdumyz dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, durnukly ösüşiň gazanylmagynda möhüm orun eýeleýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz soňky ýyllarda dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar.
Häzirki wagtda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary işleýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ilçileri halkara guramalaryň 15-sinde Watanymyza wekilçilik edýärler. Biziň ýurdumyzda bolsa, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň 46-sy işleýär.
Ýurdumyz soňky ýyllarda abraýly halkara forumlaryň münberinde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de hyzmatdaşlyk meselelerine degişli ählumumy sebit ähmiýetli köpsanly başlangyçlar bilen çykyş etdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklary özüniň strategik ýagdaýy bilen tapawutlanýar. Şu ýyl Türkmenistan Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyny giňden belledi. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzyň Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda indi 7-nji gezek wise-başlyklyk edýändigi aýratyn mana eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýylyň iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanypdy.
Türkmenistan nobatdaky sessiýada BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi hödürleýär.
2022-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýändigi nazara alnyp, Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny hakyndaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasy hem hödürlenilýär.
Bu gezekki sessiýada Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamagy göz öňünde tutýar.
2023-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa–Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň BMG-niň Aral deňzi üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky Kararnamasynyň taslamasy boýunça gepleşikler täzeden dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça ählumumy strategiýany, hususan-da, wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürýär.
Eziz Diýarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan halkara guramalarynyň biri hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Geçen ýyl paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammiti geçirildi. Türkmenistan YHG-niň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerine işjeň gatnaşýar. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda YHG-niň Aşgabatda bolan sammiti Tejen–Sarahs–Maşat demir ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşmakdan başlanypdy. Şol gün Sarahsda Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýa ýük gatnatmalary we demir ýol gatnawy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada dört taraplaýyn şertnama gol çekilipdi.
Ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigi üçin köp sanly halkara guramalaryň ünsüni özüne çekýär. Şol guramalaryň biri hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Bu gurama bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň köptaraplylygy guramanyň sammitlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda bu guramanyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy we köp sanly başlangyçlary öňe sürmegi ýurdumyzyň oňyn daşary syýasatynyň rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 21 ýyl bäri üstünlikli işleýär. ŞHG halkara hyzmatdaşlygynyň köp taraply gurluşynyň täsirli merkezlerinden biri bolup, Ýewraziýa sebitiniň howpsuzlygyny, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini we umuman halkara parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga möhüm goşant goşýar. ŞHG-ä degişli ýurtlaryň umumy meýdany 34 million kwadrat kilometrden gowrak, ýagny Ýewraziýanyň çäginiň 60%-inden gowrakdyr. ŞHG ýurtlarynyň umumy ilaty, takmynan, 3,4 milliard adama deňdir.
Şeýle giň meýdany eýeleýän halkara gurama bilen Türkmenistanyň işewürlik geňeşini döretmek babatdaky başlangyçlary, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryna hem oňyn täsirini ýetirer.
Abdulla GURBANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.