2024-nji ýylda Germaniýada geçiriljek nobatdaky Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri ýene-de 10 günden, ýagny 9-njy oktýabrda Frankfurtda çekiler. Bije çekilişe 53 ýygyndy gatnaşar. UEFA Milletler Ligasynda görkezen netijeleri esasynda 6 torba bölünen ýygyndylar 10 toparça paýlanar. 7 toparçada 5, 3 toparçada-da 6 ýygyndy 17-nji Ýewropa çempionatyna gatnaşmak üçin özara göreşerler. Her toparçadan 2 ýygyndy final tapgyryna çykar. Ýeri eýeleri bilen bir bilelikde, jemi 24 ýygyndynyň gatnaşjak çempionatynyň galan 3 ýygyndysy 2024-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek pleý-off oýunlaryndan soň kesgitlener.

1-nji torba:

Niderlandlar, Horwatiýa, Ispaniýa, Italiýa, Daniýa, Portugaliýa, Belgiýa, Wengriýa, Şweýsariýa, Polşa

2-nji torba:

Fransiýa, Awstriýa, Çehiýa, Angliýa, Uels, Ysraýyl, Bosniýa we Gersegowina, Serbiýa, Şotlandiýa, Finlýandiýa

3-nji torba:

Ukraina, Albaniýa, Norwegiýa, Sloweniýa, Irlandiýa, Islandiýa, Garadag, Rumniýa, Şwesiýa, Ermenistan

4-nji torba:

Gruziýa, Gresiýa, Türkiýe, Gazagystan, Lýuksemburg, Azerbaýjan, Kosowa, Bolgariýa, Farer adalary, Demirgazyk Makedoniýa

5-nji torba:

Slowakiýa, Demirgazyk Irlandiýa, Kipr, Belarus, Litwa, Gibraltar, Estoniýa, Latwiýa, Moldowa, Malta

6-njy torba:

Andorra, San Marino, Lihtenşteýn