Arylar we kebelekler tozanlandyrma hadysasyna gatnaşýan iň esasy mör-möjekler bolup, esasan hem şäher ýerlerinde olaryň azalma howpy abanýar. Olary köpeltmek maksady bilen soňky ýyllarda Ýewropada, esasan hem, Angliýada  «ýaşyl» awtobus duralgalary döredilýär. Awtobus duralgalarynyň üçeginde mör-möjeklere goldaw bermek üçin dürli ösümlik we güller ekilýär.

Angliýadaky ýabany tebigaty goramak bilen meşgullanýan «Wildlife Trusts» federasiýasy 1970-nji ýyldan bäri ýurtda mör-möjekleriň sanynyň 50% azalandygyny aýdýar. Bu, esasan, jemgyýetçilik ýagdaýlar bilen baglydyr. «The Guardian»-yň habar bermegine görä ýaşyl awtobus duralgalary möhüm çäreleriň biri bolan mör-möjekleri goldamak üçin kiçijik ädimdir.

«Clear Channel» mahabat kompaniýasy «The Wildlife Trusts» bilen bilelikde ýurduň şäherlerinde arylar üçin awtobus duralgalaryny döretmek boýunça işleýär.

«Clear Channel» Angliýada, takmynan, 30 müň awtobus duralgasyny dolandyrýar. Kompaniýa Angliýada azyndan 1000 sany ýaşyl awtobus duralgasyny gurmagy maksat edýär.

Ýewropanyň birnäçe ýurdunda eýýäm arylar üçin awtobus duralgalarynyň birnäçesi guruldy. Mysal üçin, Niderlandlaryň Utreht şäherinde 300 ýaşyl duralga bar. Ýokarsy ýaşyl meýdanly duralgalar mör-möjeklere hemaýat etmek bilen bir hatarda, adamlar üçin hem ýakymlydyr.