“Xinhua” agentliginiň habaryna görä, hytaýly inženerleriň işläp taýýarlan C919 atly ýolagçy howa gämisi degişli ygtyýarnamany aldy. Hytaýyň Täjirçilik maksatly uçar kompaniýasy (“Comac”) C919 uçary üçin degişli şahadatnamanyň alnandygyny mälim etdi. Munuň üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Bu resminama howa gämisiniň ähli synaglaryň şowly geçendigini we satuwa çykarmak üçin önümçilige başlamagyna ygtyýar berýär. Häzirki wagtda dünýäde ýolagçy uçar önümçiliginde “Boeing” hem-de “Airbus” kompaniýalarynyň uçarlary agdyklyk edýär.

“Comac” kompaniýasynyň işläp taýýarlan uçaryny öndürmek üçin “General Electric Co.”, “Honeywell International Inc.” hem-de Fransiýanyň “Safran SA” kompaniýalary bilen  hyzmatdaşlyk edýär. C919 atly uçar 14 ýyldan bäri işlenip taýýarlanýar.

150 ýolagça niýetlenen C919 atly uçar 4075 kilometre çenli ýol geçip bilýär. bu uçaryň esasy bäsdeşleri “Airbus A320” hem-de “Boeing 737-80” howa gämileri bolar. Häzire çenli 21 awiakompaniýa jemi 500 uçary sargyt etdi. Hytaý uçarlarynyň 2024-nji ýyldan başlap öndüriljekdigi habar berilýär. Awiakompaniýalar eýýäm bu uçarlardan sargyt edip başladylar. “China Eastern Airlines Corp.” şu ýylyň maý aýynda baş uçary sargyt etdi.

Kömekow Gurbangeldi, Ahal welaýat kazyýetiniň kazynyň kömekçisi