Belli bolşy ýaly, ýagyş suw damjasy görnüşdäki bulutlardan aşak düşýän atmosfera ygalydyr. Güýz paslynyň gelmegi bilen ýagynly, ygally günler has köpelýär. Adatça ýagyş reňksiz bolup, käte dürli sebäplere görä, onuň reňkli görnüşi hem gabat gelýär. Reňkli ýagyşlar barada gadymy ýazgylarda hem beýan edipdirler. Bu barada Gomeriň “Iliadasynda” ýatlanylýar. Ýagşyň reňkli görnüşleri hakynda bilmek täsirli bolsa gerek:
Gyzyl ýagyş. Ýagşyň bu görnüşi XIX asyrda dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli ýyllarda hasaba alyndy. Mysal üçin, Italiýada, Gresiýada, Alžirde, Sisiliýada. Ýagşyň bu reňkini Afrikanyň sebitlerinden ýel bilen uçup howa goşulýan dürli tozan bölejikleriniň emele getirýändigi öwrenildi.
Gara ýagyş. Bu görnüşli ýagşy atmosferadaky suw damjalary bilen wulkan atylandaky emele gelýän külleriň garylmagy netijesinde ýüz çykýar. Beýle ýagyş Monrealda hasaba alnypdyr.
Ak ýagyş. Tebigy hek tozany bilen howadaky suw damjalarynyň bilelikdäki emele getirýän ýagşy hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Sary ýagyş. Bu reňkli ýagşyň emele gelmeginiň sebäbi ondaky dürli ösümlikleriň tozgalary bolup durýar. Şeýle ösümliklere berýoza we käbir gyrymsy agaçlar degişlidir.
Ösümlik tozgalary käte ýaşyl reňkli ýagşyň döremegine hem sebäp bolýar. 2002-nji ýylda bolup geçen adaty bolmadyk şeýle hadysa Hindistanda hasaba alnyp, onuň düzüminde mango tozanjyklarynyň bardygy ýüze çykaryldy.
Orazmuhammet Mädeminow,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby