Bolgariýanyň öňki Premýer-ministri Boýko Borisowyň GERB partiýasy, möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynda öňdebaryjy bolup durýar. Bu barada Bolgariýanyň Merkezi saýlaw komiteti býulletenleriň 24,29%-ini sanalandan soň mälim etdi.
Partiýalaryň koalisiýasy GERB we Demokratik güýçler bileleşigi (SDS) 25,36% sese eýe bolýar. Ikinji orny 21,61% ses alyp, işinden çekilen Premýer-ministr Kiril Petkowyň “Üýtgeşmeleri dowam etdirýaris” partiýasy eýeleýär.
Hökümet çökgünliginiň netijesinde, Petkowyň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabineti iýun aýynyň ahyrynda işinden çekildi. Täze hökümet gurmak synanyşyklary hem şowsuz boldy.
Bolgariýada 2021-nji ýylda, netijelerine görä hökümet gurup bilmeýändigi sebäpli nobatdan daşary parlament saýlawlaryny üç gezek geçirildi. Diňe noýabr aýynda geçirilen saýlawlardan soň syýasatçylar hökümet koalisiýasyny döretmegi başardylar.