Ispaniýanyň “Oscar Vinals” şereketi sesden üç esse gaty gitjek howa gämisini işläp taýýarlaýar. 170 orunlyk ýolagçy uçary Ýewropadan Amerika çenli aralygy bary-ýogy 80 minutda geçer. Energiýanyň has ýokary tehnologiýa talap edýän görnüşi bilen işlejek uçar rahatlygy bilen hem tapawutlanar.

Soňky ýyllarda ýolagçy uçarlarynyň energiýany az tygşytlaýan we ýokary tizlik bilen gidýän görnüşleri taýýarlanýar. Golaýda iňlis awiakompaniýalarynyň biriniň uçary Atlantik ummanyndan 5 sagatdan az wagtda geçipdi.

Ispan şereketiniň taýýarlaýan “Hyper Sting” atly uçary 2003-nji ýylda uçuşy ýatyrylan, ses tizliginden gaty gitmegi bilen belli bolan “Concorde” uçaryndan iki esse uly hem-de iki esse ýokary tizlik bilen uçar.

“Oscar Vinals” şereketi “Concorde”-yň örän ajaýyp uçar bolandygyny, emma ýangyjy köp sarp edýändigi sebäpli daşky gurşawa zeper ýetirendigine ünsi çekip, “Hyper Sting”-iň geljegiň sesden gaty gidýän uçarlar üçin nusgalyk boljakdygyny belleýär.

Bu uçaryň hakyky nusgasynyň döredilmegi üçin tehnologiýa babatda käbir öňdegidişlikleriň gazanylmagynyň zerurdygy bellenildi. Howa gämisiniň önümçiligine 2030-njy ýyldan soňra başlanmagyna garaşylýar.

Mährem Annamyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby