Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň aba­dan, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin giň möç­ber­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Häzirki wagtda ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, ra­ýat­la­ryň, aý­ra­tyn hem ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek­le­ri­ni ga­zan­mak, ola­ry berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly edip ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek döw­let sy­ýa­sa­tyn­da esa­sy üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ridir. Türk­me­nis­tan sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de dün­ýä­de uly ab­raý­dan peý­da­lan­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni giň­den or­naş­dyr­ma­gyň we her bir ra­ýa­tyň bu asyl­ly ýö­rel­gä eýer­me­gi­ni ga­zan­ma­gyň, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­me­giň za­ma­na­sy bo­lup da­ba­ra­lan­ýar.
Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, adam­la­ryň öm­rü­ni uzalt­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň äh­li­sin­de öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan iri sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri, ýö­ri­te­leş­di­ri­len has­sa­ha­na­lar gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

Bil­şi­miz ýa­ly, ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek we ola­ryň saz­la­şyk­ly dynç al­şy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­tan­da 2021 – 2025-nji ýyl­lar­da şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. Şeý­le hem bu mak­sat­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy dü­zül­di. Mil­li mak­sat­na­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy hal­ky­my­zyň şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak, ola­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, sag­ly­gy­ny di­kelt­mek we ber­kit­mek, iň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry ulan­mak ar­ka­ly şy­pa­ha­na hyz­ma­ty­nyň hi­li­ni hem-de el­ýe­ter­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, wagt­la­ýyn hem-de yzy­gi­der­li zäh­me­te ukyp­syz­ly­gy, ma­ýyp­ly­gy azalt­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de he­re­ket ed­ýän sa­gal­dyş-di­kel­diş gör­nüş­li eda­ra­la­ryň işi­ni ut­gaş­dyr­mak, şy­pa­ha­na işi­niň kä­mil ul­ga­my­ny dö­ret­mek ar­ka­ly, dur­mu­şyň we ýa­şaý­şyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak hem-de ra­ýat­la­ryň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak bo­lup dur­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek, yn­san öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, sag­dyn dur­muş en­dik­le­ri­ni or­naş­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň ke­pi­li­dir. Berk be­den­li­lik, ru­hy taý­dan sag­dyn­lyk yn­san öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çir­ýän iş­le­ri ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de hem köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da her ýyl ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­dir we mas­la­hat­la­ryň or­ny ulu­dyr. Ýakyn günlerde «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra sergi­ we yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ser­gä hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň der­man se­riş­de­le­ri­ni we luk­man­çy­lyk mak­sat­ly önüm­le­ri, luk­man­çy­lyk, sport en­jam­la­ry­ny ön­dür­mä­ge, bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ýö­ri­te­le­şen 30-dan gow­rak ýur­tdan 150-den gow­rak kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le-de ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ril­jek yl­my mas­la­hat dün­ýä­niň 20-ä go­laý döw­le­tin­den da­şa­ry ýurt­la­ryň esa­sy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň alym­la­ry­ny bir ýe­re jem­lär.
Umu­man, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň bin­ýa­dy has-da ber­ki­dil­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­in­de hä­zir­ki za­man kli­ni­ki we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler bi­na edil­di. Luk­man­çy­lyk we sa­gal­dyş-şy­pa­ha­na ugur­ly dür­li eda­ra­la­ryň dur­ky tä­ze­len­di. We­la­ýat­la­ry­myz­da we paý­tag­ty­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş-anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri, «Ene mäh­ri» mer­kez­le­ri, Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek mer­kez­le­ri, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de we­la­ýat Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­niň eda­ra bi­na­sy­nyň, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň, On­ko­lo­gi­ýa, Tiz kö­mek, Ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­niň, sag­lyk öýü­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­de Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki hem-de Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­kez­le­ri­niň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­le­riň äh­li­si mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň düýp­li öz­ger­ýän­di­gi­ni, adam we onuň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­nyň döw­let sy­ýa­sa­tyn­da ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de şy­pa­ha­na-dynç alyş dü­züm­le­ri­ne, aý­ra­tyn-da, bal­neo­lo­gi­ýa, te­bi­gy-ho­wa şy­pa­ha­na­la­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. Olar­da mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zyň te­bi­gy tä­si­ri, mi­ne­ral suw­lar, be­je­riş äh­mi­ýet­li pal­çyk­lar ar­ka­ly ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we be­jer­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan şy­pa­ha­na-dynç alyş pu­da­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň hem-de kä­mil­leş­dir­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ahal we­la­ýa­tyn­da­ky «Arç­man» hem-de «Ýy­ly suw» şy­pa­ha­na­la­ry, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da­ky «Mol­la­ga­ra» we «Awa­za» şy­pa­ha­na­la­ry, ýur­duň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de ýer­leş­ýän «Da­şo­guz» şy­pa­ha­na­sy, Le­bap we­la­ýa­tyn­da­ky «Fa­rap» şy­pa­ha­na­sy, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da­ky «Baý­ra­ma­ly» şy­pa­ha­na­sy hem-de Aş­ga­bat­da­ky «Ber­zeň­ňi» şy­pa­ha­na­sy bi­te­wi şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da olar hal­ky­my­za hyz­mat ed­ýär­ler.

Ahmetnur Nurmuhammedow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.