Germaniýa we Ispaniýa 2025-nji ýyla çenli Pirenei ýarym adasyny Fransiýa bilen birleşdirýän “Midcat” turbageçirijisini gurmak niýetini mälim etdiler. Bu barada Ispaniýanyň “Europa Press” habar gullugy habar berdi.

Bu mesele Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes bilen Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolsuň Ispaniýanyň port şäheri La-Korunýada geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykdan soň olar gatnaşan ähli taraplary “Midcat”-y gurmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdylar. Şeýle hem Madrid we Berlin bu taslama Fransiýany hem çekmegi niýet edinýär. Fransiýa “Midcat”-yň gurluşygynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaramaz täsir etjekdigine alada bildirdi. Pariž Pars aýlagy ýurtlaryndan ýa-da ABŞ-dan gazly tankerleri kabul etmek üçin terminallaryň gurluşygyny iň oňat alternatiwa hasaplaýar.