11-nji noýabrda Samarkantda Türki döwletleriň guramasynyň sammiti geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Bu 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türki geňeşiniň deregine döredilen Türki döwletleriň guramasynyň ilkinji sammiti bolar. Bu guramanyň agzalary Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistandyr (2019-njy ýyldan bäri). Wengriýa bilen Türkmenistan synçy statusyna eýe. Özbegistan 2018-nji ýylda gurama agza bolmaga isleg bildirdi we 2019-njy ýylda Bakuwda geçirilen sammitde agza hökmünde kabul edildi.
Öň habar berlişi ýaly, Samarkantda geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň ilkinji sammitinde Türkmenistan doly hukukly agza hökmünde kabul ediler. Guramanyň esasy maksady doganlyk ýurtlaryň arasyndaky ynamy we gatnaşyklary berkitmek, söwda, ykdysadyýet, ulag, energiýa, syýahatçylyk we medeni we ynsanperwerlik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakdyr.