Geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, dünýäniň iň uly ýarymgeçiriji öndürijisi bolan TSMC harytlarynyň bahasyny gymmatlatjakdygyny mälim etdi. Bir-iki ýyl bäri awtoulag we elektron enjam senagatynda çip ýetmezçiligi dowam edýärdi. Merkezi edarasy Taiwanda ýerleşýän kompaniýa 8 dýuým çipleriň bahasyny 6%, 12 dýuým çipleriň bahasyny 3-5% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa iri tehnologiýa kompaniýalaryny, şol sanda “Apple” kompaniýasy hem ýarymgeçiriji bilen üpjün edýär. Ýarymgeçijileriň bahasynyň gymmatlamagynda diňe ýetmezçiligiň däl, ýokary tehnologiýa talap edýän bu önümiň täze nesilleriniň hem çykmagynyň täsiri bar. Mundan ozal beýleki komponent öndürijiler we material üpjün edijiler harytlarynyň bahalaryny gymmatladypdy.
Maý aýynda TSMC kompaniýasy müşderilerine bahalaryň gymmatlap biljekdigini aýan edipdi.
TSMC kompaniýasy “iPhone”, “iPad” we “Mac” enjamlarynyň prosessorlary üçin A seriýaly çipleri öndürýär. Kompaniýanyň şu ýylyň ahyryna çenli “Apple” üçin 3nm çip öndürip başlamagyna garaşylýar. 3nm çiplere geçmek, “Mac” we “iPhone”-yň öndürijiligini, kuwwaty we bahasyny ýokarlandyrar.
Jeýhun Ahmedow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby