Russiýanyň “Edison Technologies” startapy tarapyndan döredilen elektroulaglara zarýad berýän ilkinji beket Moskwada işe girizildi. Soňky ýyllarda dünýäniň iri şäherleriniň köpüsinde eletroulaglaryň sany barha artýar. Täze beket bu şäheriň elektroulag sürürjileriň isleglerini kanagatlandyrar. Birwagtda iki awtoulaga zarýad berip bilýän beket 75 kWt batareýa 80%-e çenli gysga wagtda zarýad berer. Uly batareýalara doly zarýad bermek 2,5-3 sagat dowam eder.
Enjam 40 dereje sowukdan 50 derejä çenli temperaturada işlemäge ukyply bolup, aşa gyzmakdan ykjam goralýar.
“Edison Technologies” şereketi şäheri beýleki nokatlarynda hem şeýle beketleriň gurluşygyny amala aşyrar. Şeýle hem Wolgograddaky myhmanhana zynjyry bilen gepleşik geçirýär. Mundan başga-da kompaniýa öz energiýa ammaryny, GBT birleşdirijisi bolan elektrik ulaglary üçin zarýad beriş stansiýasyny, haýal zarýad beriş stansiýasyny we uly elektrik ulaglary üçin stansiýany hödürlemegi meýilleşdirýär.
Kompaniýa adaty ýangyçly ulaglaryň elektrik energiýasy bilen ulaga öwürmek üçin taslamany durmuşa geçirýär.
Öwezgeldi Agamyradow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby