2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryndaky maglumatlara görä, Ýewropanyň 108 aragatnaşyk operatory 34 ýurtda täjirçilik maksatly 5G hyzmatlaryny hödürleýär. Ýurtlaryň sarp edijileriniň sany bolsa yzygiderli ösmegini dowam etdirýär we ähli ulanyjylaryň 6%-ine ýetýär.
Norwegiýa täjirçilik maksatly 5G hyzmatlaryny ulanýan ulanyjylaryň 16%-i bilen öňdeligi eýeleýär, oňyn ösüş Şweýsariýada (14%), Finlýandiýada (13%), Angliýada (11%) we Germaniýada (10%).
Hasabatda 2025-nji ýyla çenli Ýewropada ortaça 5G ulgamynyň derejesiniň 44%-e ýetjekdigi, Angliýanyň we Germaniýanyň Ýewropada iň ýokary derejäniň degişlilikde, 61% we 59% boljakdygy aýdylýar.
Bu barada GSMA syýasaty we düzgünleşdiriş boýunça wise-prezidenti Danýel Pataky: “Ýewropa 5G-ni öňküsinden has çalt kabul edýär, ýöne infrastruktura maýa goýumlary üçin beýleki dünýä bazarlary bilen deňeşdirilmegi üçin dogry bazar şertlerini döretmäge has köp üns bermeli” – diýdi.
Wepageldi Muhommetgeldiyew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby