Awstriýanyň häzirki Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen, ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynda 55,4% sese eýe bolup, birinji tapgyrda ýeňiş gazanmaga bil baglap biler. Bu barada ýurduň saýlaw topary ýekşenbe güni ilkinji netijeler belli bolandan soňra mälim etdi. Sesler doly sanalandan soňra netijeler birneme üýtgär. Wan der Bellen 50%-den köp ses alsa, ikinji tapgyr zerur bolmaz.
Ýaşyllar partiýasynyň dalaşgäri, 78 ýaşly Wan der Bellen saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýada öňdebaryjylaryň biri boldy. Ýurtda geçirilen pikir soraşmalar Wan der Belleniň saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyny görkezdi.
Ondan soň sagçy populist Awstriýanyň azatlyk partiýasynyň dalaşgäri Walter Rosenkranz (18,4%) we garaşsyz dalaşgär Tassilo Wallenthin (8,4%) bar. Merkezi çep piwo partiýasynyň lideri Dominik Wlakni 8,2% sese eýe boldy.
Umuman alanyňda, ýedi adam öz dalaşgärligini öňe sürdi, bu ýurt üçin rekord boldy.
Awstriýa parlament Respublikasy bolup, Prezident esasan wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirip, ýurduň adyndan halkara arenasynda çykyş edýär we döwlet şertnamalaryna gol çekýär. Ol Kansleriň we Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalarynyň dalaşgärligini tassyklaýar. Prezident ýaragly güýçleriň iň ýokary serkerdebaşysydyr. Awstriýada 6,4 milliondan gowrak adamyň ses bermäge hukugy bar.
Awstriýanyň Prezidenti her alty ýyldan bir gezek saýlanýar. Ses bermäge hukugy bolan we 35 ýaşyna ýeten islendik raýat döwlet Baştutany bolup biler. Iş başyndaky lideriň ikinji möhlete gaýtadan saýlanmagyna bir gezek rugsat berilýär.