Şam­pun. Jem­gy­ýet­de ir­ki dö­wür­ler­den baş­lap şah­sy aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ne uly üns ber­lip­dir. Ada­myň üst-ba­şy­nyň aras­sa bol­ma­gy­, aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi­ iň esa­sy zat­la­ryň ha­ta­ryn­da goý­lup­dyr. Eý­sem, en­tek sa­byn-şam­pu­nyň oý­la­nyp ta­pyl­ma­dyk ma­ha­lyn­da nä­me­ler­den peý­da­la­nyl­dy­ka?!
Ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­da il­kin­ji aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň Hin­dis­tan­da ula­ny­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Olar dür­li ösüm­lik­le­riň gaý­na­dy­lan su­wu­ny şam­pun hök­mün­de, «sa­byn aga­jy» at­ly tro­pik aga­jyň mi­we­si­ni sa­byn hök­mün­de peý­da­la­nyp­dyr­lar. Mun­dan baş­ga-da, ot­la­ryň, gül­le­riň gaý­na­dy­lan su­wu­na saç­la­ry­ny ýu­wup­dyr­lar. Bu se­riş­de­ler sa­çyň ýum­şak we ýal­pyl­da­wuk bol­ma­gy­na kö­mek edip­dir. Hin­di söw­da­gär­le­ri­niň Ýew­ro­pa ara­laş­ma­gy bi­len te­bi­gy saç ýu­wu­jy se­riş­de­ler köp ýur­da ýaý­rap baş­la­ýar. Azi­ýa­da il­kin­ji şam­pun hök­mün­de baş­ýuw­luk­dan (çe­ki­zä­niň su­wy), tü­wi ýuw­lan suw­dan, sa­za­gyň kü­lün­den peý­da­la­ny­lan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar. Ýew­ro­pa­da şam­pu­n hök­mün­de gaý­na­dy­lan sa­byn kö­pür­jik­le­ri ula­ny­lyp­dyr. Ýer ýü­zün­de 1903-nji ýy­la çen­li saç ýuw­ma­gyň bir­nä­çe usul­la­ry peý­da­la­nyl­ýar. Ge­liň, in­di soň­ky ýüz ýy­la ün­si çe­ke­liň!
1904-nji ýyl­da Ber­lin­de ne­mes oý­lap ta­py­jy­sy Hans Şwarz­kopf la­wan­da gü­lü­niň to­zy bi­len su­wuk sa­by­ny gar­mak ar­ka­ly şam­pu­nyň il­kin­ji nus­ga­sy­ny oý­lap tap­ýar. Şon­dan soň «saç­y aras­sa­la­mak­da» il­kin­ji şam­pun ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Hans Şwarz­kop­fyň aýa­ly Mar­ta Şwarz­kopf 1927-nji ýyl­da «Schwarz­kopf» ady bi­len saç-bar­lag mer­ke­zi­ni dö­red­ýär. Şol ýyl bu mer­kez düz­ümin­de sa­byn bol­ma­dyk il­kin­ji su­wuk şam­pun ön­dür­ýär. Ol Ýew­ro­pa­da «Schwarz­kopf» ady bi­len köp sa­tyn al­nan, uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­len meş­hur brend­le­riň bi­ri bol­ýar.
1930-njy ýyl­lar­da «Procter & Gamb­le» (P&G) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri il­kin­ji sin­te­tik şam­pu­ny hö­dür­le­ýär­ler. Bu saç üçin iň go­wy oý­lap ta­pyş­la­ryň bi­ri bo­lup, hä­zir­ki za­man su­wuk şam­pun­la­ryň ön­dü­ril­me­gi­niň esa­sy­ny dö­re­dýär. Bu şam­pun müş­de­ri­le­riň göw­nün­den tu­rup, saç kök­le­ri üçin peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. On­dan soň kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri su­wuk şam­pun­la­ry gap­la­ma­gyň tä­ze­çe gör­nüş­le­ri­ni oý­lap tap­ýar­lar. 1987-nji ýyl­da P&G kom­pa­ni­ýa­sy il­kin­ji «2-si 1-in­de ser­gin­le­di­ji şam­pu­ny» hö­dür­le­ýär­ler.
Şam­pun sa­çy aras­sa­la­mak üçin ula­nyl­ýan su­wuk­lyk gör­nü­şin­dä­ki önüm­dir. Ol çyg­ly sa­ça sürt­mek, kö­pür­jik­le­dip ýuw­mak ar­ka­ly saç­da­ky se­bu­myň (ýag­ly mad­da bö­lüp çy­kar­ýan ek­zok­rin) is­len­me­ýän muk­da­ry­ny aýyr­mak üçin ula­nyl­ýar. Şam­pun nat­riý lau­ril sul­fa­ty bi­len suw­da ko­ka­mi­dop­ro­pil be­tai­ni bir­leş­dir­mek ar­ka­ly ýa­sal­ýar. Sul­fa­tyň dü­zü­mi sa­by­na meň­zeş bo­lup, ha­pa­laý­jy mad­da­la­ry özü­ne çek­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da şam­pun se­na­gat­da iň köp ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň bi­ri bo­lup, onuň ke­pek­li saç­lar, ýag­ly saç­lar, ga­ty saç­lar hem-de ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen (gö­zi ýa­şart­ma­ýan) bir­nä­çe gör­nü­şi bar.