UEFA Çempionlar Ligasynda “H” toparçada Fransiýanyň çempiony PSŽ öz meýdançasynda-da “Benfika” hötde gelip bilmedi. Bir hepde öňki duşuşykda 2-2 deňme-deň oýnan toparlar bu gezek Parižde güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen oýun Mbappeniň (40) hem-de Žoao Marionyň (62) garşylykly penalti gollary bilen 1-1 deňme-deň tamamlandy. Duşuşykda hasaby açan Mbappe Çempionlar Ligasynda PSŽ-niň adyndan 31-nji goluny geçirip, Edinson Kawaniden öňe saýlandy bu ugurda klubuň iň netijeli oýunçysy boldy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda garaşylmadyk hasap ýüze çykdy. Mundan 1 hepde öňki oýunda 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Ýuwentus” myhmançylykda “Makkabi Haýfadan” 2-0 utuldy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem Omar Atzili (7, 42) geçirdi. Bu “Makkabi Haýfanyň” Çempionlar Ligasyndaky 20 ýyldan soň ilkinji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Olar soňky gezek 2002-nji ýylyň oktýabrynda “Mançester Ýunaýtedi” 3-0 hasabynda ýeňipdiler. “Ýuwentus” bolsa taryhynda ilkinji gezek Çempionlar Ligasynda toparçadaky ilkinji 4 duşuşygyň 3-sinde ýeňildi. “Ýuwentus” topary şu möwsümde 13 oýunda 5-nji gezek utuldy. Olar çempionatda soňky tapgyrda “Milandan” hem 2-0 asgyn gelipdiler.