13-nji oktýabrda Yragyň Wekiller Geňeşi (parlamenti) tarapyndan Abdel Latif Reşid ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada Yragyň “Rudau” teleýaýlymy habar berdi. Ol gizlin ses berişligiň ikinji tapgyrynda Yragyň häzirki Prezidenti Barham Salehden has köp sese eýe boldy.
Mejlisiň hasaplaýyş komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Yragyň Parlamenti Latif Raşid üçin 162 ses, Barham Saleh üçin hem 63 ses berdi. Şeýlelik bilen, ses berişligiň ikinji tapgyrynda sesleriň köplügini alan 2003-2011-nji ýyllarda suw serişdeleri ministri bolup işlän Latif Raşid Yrak Respublikasynyň onunjy Prezidenti boldy.
Latif Raşidiň Prezidentlige saýlanmagy bilen ilkinjileriň hatarynda, ýurduň Premýer-ministr Mustafa al-Kazimi gutlady. Yragyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutany ýurduň kürt jemgyýetine, Premýer-ministr şaýy musulmanlaryna, parlament başlygy sünni musulman dinine degişli bolmaly. Prezident, Wekiller Geňeşiniň üçden iki köplügi bilen saýlanýar. Täze döwlet Baştutany saýlanandan soň, 15 günüň içinde resmi taýdan täze Premýer-ministri bellemeli.