Şu gün Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. «Akorda» köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

 Köşgüň «Gündogar» otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak, owgan meselesinde tagallalary birleşdirmek, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral meselesi boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň esasyny düzdi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň yzysüre iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda ilkinji döwlet sapary Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilen günlerine gabat gelýär. Geçen taryhy döwürde özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady emele geldi. Döwlet Baştutanymyzyň häzirki sapary bolsa syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary, şeýle-de strategik häsiýetli türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.