Uzak Gündogar ýurtlarynda ýa-da Ýewropada Gün panelli elektrik beketleriniň sany barha artýar. Gün panelleri diňe gury ýerlerde däl, eýsem suw howdanlarynyň, kölleriň we deňizleriň ýüzünde hem gurulýar. Suwuň ýüzünde gurulýan bu desgalar diňe arassa energiýa çeşmesi bolman, eýsem tomsuň yssy günlerinde suwuň bugarmagynyň hem öňüni alyp, şäherleriň suw üpjünçiligine goşant goşýar. Şeýle desgalaryň biri hem Türkiýäniň Ankara şäherinde gurlar. Şäheriň Baýyndyr howdanyndan guruljak bekediň önümçilik kuwwaty 990 kWp bolar. Suw ýüzünde gurulýan energiýa desgalaryna “off-shore” (kenardan uzakda diýmegi aňladýar) diýilýär. Şäheriň suw edarasynyň durmuşa geçirjek bekedinden alnan energiýa elektrik toruna akdyrylar. Bu beket içimlik suw maksady bilen ulanylýan howdana hiç hili zyýan ýetirmez. Taslamanyň 7 aýda durmuşa geçirilmegine garaşylýar.
Ogulşat Sopyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby