“Sony” “Honda” bilen elektroulag öndürer

68

Teh­no­lo­gi­ýa önüm­le­ri­ni ön­dür­me­gi bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan Ýa­po­ni­ýa­nyň “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da iş alyp bar­ýan “Hon­da” ilen bi­le­lik­de elekt­rou­lag ön­dü­rer. Iki ýyl ozal “VISION-S” at­ly il­kin­ji nus­ga­lyk ula­gy­ny köp­çü­li­ge gör­ke­zen “So­ny” aw­tou­lag se­na­ga­ty­na ara­laş­ýar. Iki kom­pa­ni­ýa “So­ny Hon­da Mo­bi­li­ty” at­ly bi­le­lik­dä­ki şe­re­ke­ti esas­lan­dyr­dy­lar. Tä­ze şe­re­ket il­kin­ji elekt­rou­la­gy­ny 2026-njy ýy­lyň ba­şyn­da sa­tu­wa çy­ka­rar. Il­kin­ji no­bat­da, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka ba­za­ry­na ýe­ti­ril­jek ulag soň­ra ýa­pon müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­ler. Tä­ze şe­re­ket “Hon­da” aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da­ky tej­ri­be­si­ni “So­ny”-nyň teh­no­lo­gi­ýa­da­ky tej­ri­be­si bi­len bir­leş­di­rer. Önüm­çi­lik ABŞ-da­ky za­wod­lar­da ama­la aşy­ry­lar. Tä­ze ulag 2027-nji ýyl­dan baş­lap, dün­ýä ba­za­ry­na ibe­ri­ler.
“So­ny” il­kin­ji nus­ga­lyk ula­gy­ny “Nvidia”, “Con­ti­nen­tal”, “Bosch”, “Qualcomm” ýa­ly teh­no­lo­gi­ýa we äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ön­dü­rip­di. “So­ny” aw­to­mat­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len bu ula­gy­ny önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy üçin beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­la­ra sat­mak mak­sa­dy bi­len iş­läp taý­ýar­lap­dy.

Is­lam Şa­gu­ly­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň ta­ly­by