Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň mart aýy­nyň 15-16-sy ara­ly­gyn­da Ka­tar Döw­le­tin­de döw­let sa­pa­ryn­da bol­dy. Bu ta­ry­hy sa­par iki ýur­duň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryl­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-ka­tar gep­le­şik­le­ri­niň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry anyk­laş­dy­ryl­dy.
Iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1996-njy ýyl­da ýo­la go­ýul­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dost­luk­ly arap ýur­du­na il­kin­ji sa­pa­ry 2010-njy ýy­lyň 11-12-nji okt­ýab­ryn­da bol­updy. 2016-njy ýy­lyň 7-nji mar­tyn­da Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň hem-de Ka­tar Döw­le­ti­niň Emi­ri Şeýh Ta­mim bin Ha­mad Al Ta­ni­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Şu ge­zek­ki gep­le­şik­ler iki dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň has-da ber­ke­me­gi­ne ýar­dam et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Do­ha şä­he­rin­de Ka­ta­ryň Emi­ri Şeýh Ta­mim bin Ha­mad Al Ta­ni ta­ra­pyn­dan mä­hir­li gar­şy­lan­dy. Res­mi taý­dan gar­şy­la­mak da­ba­ra­syn­dan soň­ra iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan hem-de gel­je­gi has uly ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da, il­kin­ji no­bat­da, ener­ge­ti­ka, se­na­gat hem-de söw­da, ulag we ara­gat­na­şyk, ma­ýa go­ýum­la­ry, Kataryň ýeterlik tejribesi bolan ma­li­ýe-bank ul­gam­la­ry ara alnyp maslahatlaşyldy. Ka­tar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da, şol san­da ulag-üs­ta­şyr we ne­bit­-gaz top­lu­myn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.
Ka­tar su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zyň eks­por­ty bo­ýun­ça dün­ýä li­der­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ka­ta­ryň bu ul­gam­da­ky tej­ri­be­si bi­ziň saz­la­şyk­ly ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz üçin hem örän peý­da­ly bo­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ok­gun­ly ös­ýän gaz ba­za­ry gaz ug­rad­ýan iri döw­let­le­riň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga bo­lan ze­rur­ly­gy art­dyr­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Тürk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Ka­tar Döw­le­ti­ne şu döw­let sa­pa­ry­na Türk­me­nis­tan bi­len Ka­tar Döw­le­ti­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de ba­ha be­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­jek­di­gi­ne we onuň tä­ze maz­mun bi­len üs­tü­niň ýe­ti­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin, mil­li Li­de­ri­miz iki ýurt­da hem söw­da ser­gi­le­ri­ni, işe­wür­lik mas­la­hat­la­ry­ny, Türk­me­nis­tan­da we Ka­tar­da ön­dü­ri­len ha­ryt­la­ryň ýö­ri­te­leş­di­ri­len ýar­mar­ka­la­ry­ny ge­çir­me­gi, iki döw­le­tiň paý­tagt­la­ryn­da Söw­da öý­le­ri­ni aç­ma­gy tek­lip et­di.
Türk­me­nis­tan­da­ky ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­na Ka­ta­ryň bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­ler öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zil­di. Bu mak­sat bi­len, şu ýy­lyň do­wa­myn­da iki ýur­duň döw­let, bank we ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň hem-de iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ly. Bi­ziň ýur­du­my­zyň se­bit äh­mi­ýet­li ägirt uly tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça Ka­ta­ryň ma­ýa go­ýum tek­lip­le­ri­ni öw­ren­mä­ge taý­ýar­dy­gy, şol birwagt­da Ka­tar­da in­no­wa­si­on tas­la­ma­la­ra ma­ýa goý­mak bo­ýun­ça tek­lip­le­riň öw­re­nil­jek­di­gi bel­le­nil­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän dok­ma önüm­le­ri­ni Ka­ta­ra eks­port et­mek işi­ni ýo­la goý­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän, ne­bit­-hi­mi­ýa we gaz­-hi­mi­ýa za­wod­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry­na gat­naş­ma­ga Ka­ta­ryň kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny ça­gyr­ýa­ryn di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­la­ra, şeý­le hem ne­bit­-gaz pu­da­gyn­da hyz­mat­lar ul­ga­my we Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit-­gaz top­lu­my üçin en­jam­la­ry ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­le­re Ka­ta­ryň dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry iş­jeň gat­na­şyp bi­ler­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de biz Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­riş­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di we şu­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň bu hal­ka­ra tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge Ka­ta­ryň iri ma­li­ýe we ma­ýa go­ýum dü­züm­le­ri­niň gat­naş­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Türk­men-ka­tar gat­na­şyk­la­ryn­da ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk aýratyn ähmiýete eýedir. Iki ýur­duň ara­syn­da de­ňiz we ho­wa ýol­la­ry bo­ýun­ça gat­naw­la­ry ös­dür­mek hem öza­ra bäh­bit­li, uly gel­je­gi bo­lan hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­dyr. Mil­li Li­de­ri­miz bu ugur­da Mer­ke­zi Azi­ýa we Ýa­kyn Gün­do­gar se­bit­le­ri­niň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­jek hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça baş­lan­gy­jyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Öz­be­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Eý­ra­nyň, Oma­nyň we Ka­ta­ryň ara­syn­da hal­ka­ra ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek ha­kyn­da­ky Yla­la­şy­ga gol çe­kil­me­gi­niň aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de Ha­zar deň­zin­de ägirt uly tas­la­ma – Türk­men­ba­şy hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, türk­men ta­ra­py Ka­ta­ryň bu ugur­da baý tej­ri­be­si bo­lan iri ulag-lo­gis­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny bi­le­lik­de iş­le­mä­ge ça­gyr­ýar. Türk­me­nis­tan Türk­men­ba­şy hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny iri ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­na öwür­me­gi mak­sat edin­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, biz Ka­ta­ryň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bu ugur­da dün­ýä de­re­je­sin­de top­lan tej­ri­be­si­ni öw­ren­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýä­ris.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ka­tar Döw­le­tin­de ýa­kyn wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Il­çi­ha­na­sy­nyň açyl­ma­gy bu çä­re­le­riň iş­jeň­leş­me­gi­ne ýar­dam be­rer.
Soň­ra iki­çäk gör­nüş­dä­ki ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Iki­çäk gör­nüş­dä­ki gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň, iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.
Olaryň hatarynda Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty bi­len Ka­tar Döw­le­ti­niň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Dip­lo­ma­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň ara­syn­da dip­lo­mat­la­ry taý­ýar­la­mak­da öza­ra hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ka­tar Döw­le­ti­niň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” döw­let mil­li gul­lu­gy bi­len Ka­tar Döw­le­ti­niň Ra­ýat awia­si­ýa­sy mü­dir­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Stan­dart­laş­dyr­mak, me­te­reo­lo­gi­ýa, ser­ti­fi­kat­laş­dyr­mak we akk­re­di­tir­le­mek ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ka­tar Döw­le­ti­niň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da Yla­la­şy­ga; Bio­lo­gik dür­lü­lik we jan­ly te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Ka­tar Döw­le­ti­niň Mu­ni­si­pa­li­te­ti­niň we daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.
Res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, döw­let baş­tu­tan­la­ry köşk­den çy­kyp, “Al Şa­kab” at­çy­lyk sport top­lu­my­na ug­ra­dy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu meş­hur top­lu­myň işi­niň gu­ra­ly­şy bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­na na­lyň gör­nü­şin­de tas­la­ma­laş­dy­ry­lan bu top­lu­myň äh­li sah­na­la­ry­nyň hem-de beý­le­ki des­ga­la­ry­nyň şe­ki­li gör­ke­zil­di.
Ýa­pyk ma­než­de mil­li Li­de­ri­mi­ze has saý­la­ma be­dew­ler gör­ke­zil­di. Il­ki bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tu­tuş türk­men hal­ky­nyň adyn­dan Şeýh Ta­mim bin Ha­mad Al Ta­ni­niň Türk­me­nis­ta­na sa­pa­ry ma­ha­lyn­da ka­tar hal­ky­na sow­gat be­ren aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi meý­dan­ça çy­ka­ryl­dy. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky bo­zul­maz dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň aý­dyň ny­şa­ny bo­lan Me­le­dag at­ly aja­ýyp be­dew buý­sanç­ly ba­şy­ny dik tu­tup, meý­dan­ça çyk­dy. Ol özü­ne ber­len tä­lim­le­ri bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ýer­läp uç­ýan guş my­sa­ly çe­ýe­li­gi­ni gör­kez­di.
Ahal­te­ke be­de­wi­niň yzy­sü­re meý­dan­ça arap at­la­ry çy­ka­ryl­dy. Arap at­la­ry hem gö­zel­li­gi­ni, be­dew­le­re mah­sus bir­syh­ly ýö­ri­şi­ni gör­kez­di­ler. Bu ýer­de aja­ýyp at­la­ryň gör­ke­zi­liş çä­re­si­niň ahy­ryn­da meý­dan­ça Azi­ýa at­ly dor be­dew çy­ka­ryl­dy. Bu be­dew 2006-njy ýyl­da Do­ha şä­he­rin­de 50 müň to­ma­şa­çy orun­lyk “Ha­li­fa” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len Azi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­na gat­naş­dy. Soň­ra arap be­dew­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da kon­kur bo­ýun­ça gör­kez­me çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Şeý­le hem bu ýer­de hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gin­de ýe­ňi­ji bo­lan be­dew­ler gör­ke­zil­di. Mil­li Li­de­ri­miz aja­ýyp be­dew­le­riň owa­dan­ly­gy­na, şeý­le hem at­la­ry sak­la­mak hem-de sport ýa­ryş­la­ry­na taý­ýar­la­mak üçin amat­ly şert­ler dö­re­di­len at­çy­lyk spor­tu­nyň gu­ra­ly­şy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di we bu pu­da­gyň Türk­me­nis­tan­da hem mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­läp, mu­nuň türk­men-ka­tar gat­na­şyk­la­ry hem-de tej­ri­be alyş­mak üçin mö­hüm ug­ry eme­le ge­tir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

TÜRK­MEN-KA­TAR IŞE­WÜR­LER MAS­LA­HA­TY
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­tar Döw­le­ti­ne döw­let sa­pa­ry­nyň çäklerinde bu ýurduň paýtagtynda türk­men-ka­tar işe­wür­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne söw­da-yk­dy­sa­dy we işe­wür gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tä­ze çe­me­leş­me­le­ri kes­git­le­mek hem-de yla­laş­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di. “St.Re­gis Do­ha” myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ri­len du­şu­şy­ga Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de dost­luk­ly ýur­duň döw­let dü­züm­le­ri­niň we iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň we­kil­le­ri öz çy­kyş­la­ryn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kuw­wa­ty­na hem­me­ta­rap­la­ýyn ba­ha be­rip, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi has uly ugur­la­ry­ny kes­git­le­di­ler. Eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri ýyl­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýan dok­ma se­na­ga­ty türk­men-ka­tar gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Hä­zir­ki wagt­da onuň dü­zü­min­de kär­ha­na­la­ryň 70-den gow­ra­gy he­re­ket edip, olar nah ýüp­lük, ma­ta­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni we taý­ýar ti­kin önüm­le­ri­ni ön­dür­ýär­ler. Dok­ma önüm­le­ri­niň ag­ram­ly bö­le­gi dün­ýä­niň 30-dan gow­rak döw­let­le­ri­ne – ABŞ-a, Ka­na­da, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na, Tür­ki­ýä, Rus­si­ýa we beý­le­ki ýurt­la­ra ug­ra­dyl­ýar.
Ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň iş­le­ri ba­ra­da gür­rüň ber­mek bi­len, çy­kyş eden­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­ny teh­no­lo­gik taý­dan ös­dür­mek, ýo­ka­ry hil­li, bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek, Türk­me­nis­tan­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri ama­la aşyr­mak­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň äh­mi­ýet­li or­nu­ny bel­le­di­ler. 2008-nji ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len Bir­leş­me öz ha­tar­la­ryn­da hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­niň 16 müň­den gow­ra­gy­ny bir­leş­dir­ýär.
Döw­le­te de­giş­li däl ul­ga­myň we­kil­le­ri gur­lu­şyk­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, azyk we azyk däl se­na­ga­tyn­da, söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­myn­da, şeý­le hem bi­lim we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da üs­tün­lik­li iş­le­ýär­ler. Bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çen dö­wür­de tä­ze iş orun­la­ry­nyň 160 mü­ňe go­la­ýy dö­re­dil­di. Şä­her­-gur­lu­şyk top­lu­my­na hem-de mil­li mak­sat­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge hu­su­sy gur­lu­şyk kär­ha­na­la­ry­nyň çe­kil­me­gi ne­ti­je­sin­de, di­ňe 2016-njy ýyl­da ýo­ka­ry hil­li gur­lan des­ga­la­ryň je­mi 141-si ulan­ma­ga be­ril­di. Ge­çen ýyl­da gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­niň 2 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­la­ýy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Içer­ki ba­za­ry azyk ha­ryt­la­ry bi­len üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri da­şar­ky ba­zar­la­ra, şol san­da Ka­ta­ra eko­lo­gik taý­dan aras­sa we ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri­ni iber­mä­ge taý­ýar­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň we Ka­tar döw­le­ti­niň te­le­ke­çi­lik dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len, çy­kyş eden­ler ka­tar­ly hyz­mat­daş­la­ry­na se­na­gat, hi­mi­ýa, gur­lu­şyk, oba ho­ja­ly­gy pu­dak­la­ryn­da we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da tas­la­ma­la­ra ma­ýa goý­ma­gy, şol san­da bi­le­lik­dä­ki önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny aç­ma­gy tek­lip et­di­ler.
Şeý­le hem sport ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek Türk­me­nis­tan üçin 2017-nji ýyl­da Aş­ga­ba­dyň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ka­bul ed­ýän­di­gi­ni na­za­ra ala­nyň­da, mö­hüm bo­lup dur­ýar diý­lip, Do­ha­da iki­ta­rap­la­ýyn işe­wür­lik mas­la­ha­tyn­da bel­le­nil­di. Türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry türk­men paý­tag­tyn­da bi­na edi­len we Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk iri Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň des­ga­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Äh­li ýa­ryş­lar des­ga­la­ryň 30-a go­la­ýy­nyň meý­dan­ça­la­ryn­da ge­çi­ri­ler.
Azia­da gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan myh­man­la­ryň umu­my sa­ny tür­gen­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni we beý­le­ki­le­ri goş­mak bi­len 8 müň­den gow­ra­ga ba­ra­bar­dyr. Oýun­la­ra hyz­mat et­mä­ge 8 müň­den gow­rak meý­le­tin­çi gat­naş­dy­ry­lar.

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ ME­DE­NI­ÝET GÜN­LE­RI GE­ÇI­RIL­DI
Şu ýy­lyň 10-14-nji mar­tyn­da Ka­tar Döw­le­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Dö­re­di­ji­lik çä­rä­niň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň sah­na us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti­ni, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň we mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­nyň, Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň dür­li ugur­lar­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne, Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Azi­ýa oýun­la­ry­na ba­gyş­la­nan ne­şir önüm­le­ri­niň ser­gi­si, iki ýur­duň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň du­şu­şy­gy gu­ral­dy, şeý­le hem türk­men ki­no­film­le­ri gör­ke­zil­di.
Çä­re me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ni, türk­men hal­ky­nyň baý ru­hy mi­ra­sy­ny öw­ren­mek we dün­ýä ýaý­mak işi­ne bu ul­ga­myň eda­ra­la­ry­nyň iş­jeň çe­kil­me­gi­ni üp­jün eder. Türk­men-ka­tar yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry iki dost­luk­ly ýur­duň gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­me­giň aý­ryl­maz şer­ti bo­lup dur­ýar.
(TDH-niň habarlary esasynda taýýarlandy).