Daniýanyň Şa zenany Margrete täze muzeý açdy. Ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky Stiwens-Klint sebitinde guruldy. Bu ýerde Çiksulub meteoritiniň yzlaryny hem görüp bolýar. Ol takmynan 66 million ýyl ozal Ýere gaçypdy. Muzeý Ýerdäki durmuşy üýtgeden waka barada gürrüň berip, onuň taryhy we ösüşi barada film görkezýär.

-Bu ählumumy taryh, hemmämiz üçin möhüm bolan taryh. Bu global derejedäki waka bolup, şu günki bilýän dünýämiziň başlangyjy boldy. Biziň ekspozisiýamyz bu ýere gelip görýänleriň kalbyna aralaşýar – diýip, muzeýiň müdiri Tow Damholt gürrüň berdi.

Özboluşly muzeýde dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen eksponatlar bar. Bu ýerde gören zatlaryna haýran galan myhmanlar öz täsirlerini paýlaşýarlar.

-Bu gaty ajaýyp muzeý. Bu ýer biziň üçin gaty gyzykly boldy. Bu muzeý dünýäniň dürli künjeklerinden köp adamy özüne çeker diýip pikir edýärin. Gaty tolgundyryjy – diýip, muzeýe gelip gören Daniýanyň ýaşaýjysy Mod Juliana aýtdy. Gözel ýerde ýerleşýän interaktiw muzeý Daniýanyň paýtagty Kopengagenden bary-ýogy bir sagatlyk aralykda ýerleşýär.