16-njy oktýabrda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kirkuk şäherinde täze halkara howa menzili dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Bu barada “SHAFAQ News” maglumat portaly habar berdi.

Maglumatlara görä, howa menziliniň açylyş dabarasyna Yragyň ulag ministri Naser aş-Şibli, maliýe ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Haýýam Nimat, Kirkuk welaýatynyň häkiminiň kömekçisi we başga-da birnäçe işgärler gatnaşdy. Täze howa menziliniň ilki Yrak welaýatlarynyň arasynda uçýan içerki awiakompaniýalara hyzmat etmegine garaşylýar, ýöne ýakyn wagtda daşary ýurtlaryň uçarlaryny hem kabul edip biler.

“Kirkuk halkara howa menzili ähli halkara ülňülerine we talaplaryna laýyk gelýär we islendik uçuşy almaga taýyn” diýip, portal Yragyň raýat awiasiýa gullugyna salgylanyp belleýär.

Halkara howa menzilleri Yragyň bäş şäherinde: ýurduň paýtagty Bagdatda, Basrada, En-Najafda, Mosulda we Erbilde ýerleşýär. Mundan başga-da, şu ýylyň mart aýynda Yrak häkimiýetleri ýurduň günbatarynda, Anbar welaýatynda ýerleşýän başga bir halkara howa menziliniň gurluşygynyň başlandygyny habar berdiler. Deslapky çaklamalara görä gurluşyk azyndan üç ýyl dowam eder.

Yrak Ýakyn Gündogardaky ýurtlaryň biri bolup, 40,22 milliondan gowrak ilaty bar.