17-nji okt­ýabr­da Stam­bul­da Tür­ki döw­let­le­ri gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň no­bat­dan da­şa­ry mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da Tür­ki­ýä­niň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ha­bar be­ril­di.
Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi hä­zir­ki mas­la­hat­da 2022-nji ýy­lyň 11-nji no­ýab­ryn­da Sa­mar­kand­da ge­çi­ri­len sam­mi­tin­dä­ki ile­ri tu­tul­ýan me­ýil­na­ma­la­ryň we taý­ýar­lyk­la­ryň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Ýyg­na­ga Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­la­ry bo­lan Azer­baý­jan, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan we Öz­be­gis­tan bi­len bir ha­tar­da syn­çy ýurt­lar bo­lan Weng­ri­ýa­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýe­ti­niň hem gat­naş­jak­dy­gy mä­lim edil­di.
Tür­ki döw­let­le­ri­niň gu­ra­ma­sy (2021-nji ýy­lyň 12-nji no­ýab­ry­na çen­li – Tür­ki dil­li döw­let­le­riň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi ýa-da Türk ge­ňe­şi) tür­ki dil­li döw­let­le­riň sy­ýa­sat, yk­dy­sa­dy­ýet, ylym, bi­lim, ulag, sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek üçin dö­re­di­len hö­kü­me­ta­ra gu­ra­ma­sy­dyr. Gu­ra­ma­nyň ag­za­la­ry Azer­baý­jan, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Tür­ki­ýe, Öz­be­gis­tan bo­lup, Weng­ri­ýa we Türk­me­nis­tan gu­ra­ma­da syn­çy de­re­je­si­ne eýe­dir. Bu gur­luş BMG-niň dür­li hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, Ys­lam hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy, ÝHHG, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy we beý­le­ki­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.