60 we ondan ýokary ýaşly hytaýlylaryň paýy 2035-nji ýyla çenli Hytaýyň ilatynyň 30%-inden geçer. Şeýle çaklamany Hytaý Halk Respublikasynyň saglygy goraýyş boýunça döwlet komitetiniň ilatyň garramagy bölüminiň başlygy Wan Haýdun öňe sürdi.

-2021-nji ýylyň ahyryna çenli 60 we ondan ýokary ýaşly ýurduň garry ilaty 267 milliona ýetdi, bu umumy ilatyň 18,9%-ini emele getirýär – diýip, Wan Hoýdun aýtdy. Ol 2025-nji ýyla çenli Hytaýyň “aram garramak” tapgyryna gadam basyp, garrylaryň sanynyň 300 milliondan geçjekdigini, bu ilatyň bäşden bir bölegini düzjekdigini sözüniň üstüne goşdy. – Takmynan, 2035-nji ýyla çenli 60 we ondan ýokary ýaşly garrylaryň sany 400 milliondan geçer we bu umumy ilatyň 30% -inden köp bolar – diýip, Wan Haýdun belledi. Onuň sözlerine görä, bu görkeziji Hytaýyň “ilatyň garramagynyň güýçli derejesine” gadam basýandygyny ýüze çykarar.

Wang Haýdun mukdar taýdan şäher ýerlerinde oba ýerlerine garanyňda, has garry adamlaryň ýaşaýandygyny belledi. Şeýle-de bolsa, obalarda 60 ýaşdan uly ýaşaýjylaryň paýynyň şäherlere garanyňda, has ýokarydygyny aýtdy.

2050-nji ýyla çenli Hytaýda garry ilatyň sany we paýy iň ýokary derejesine ýeter. – Garry adamlaryň sanynyň yzygiderli köpelmegi we garrama prosesiniň çuňlaşmagy sebäpli döwlet hyzmatlarynyň berilmeginde we sosial üpjünçilik ulgamynyň durnukly ösmeginde kynçylyklar ýüze çykýar –diýip, Wan Haýdun belledi we bu meseleleriň çözülmeginiň möhümdigini belledi.

Hytaýyň Milli statistika býurosynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Hytaýyň ilaty bary-ýogy 480 müň adam artyp, 1,413 milliard töweregi boldy. Çaga dogluşynyň derejesi her 1000 adama 7,52 boldy.