Ara pandemiýa hem girensoň 4 ýyldan bäri geçirilmeýän Pariž awtoulag sergisi (Le Mondial de L’Auto) öz işine başlady. Iki ýyldan bir gezek geçirilýän sergä Ýewropanyň brendleriniň köpüsi gatnaşmady. Gözden geçirilişde Aziýanyň awtoulag öndürijileriniň agdyklyk edýändigini görmek bolýar. Sergi aýyň 23-ne çenli dowam eder.
“Audi”, BMW, “Mercedes- Benz”, “Toyota”, “Ferrari”, “Fiat”, “Volkswagen”, “Hyundai”, “Nissan” ýaly dünýä belli brendleri bu sergä gatnaşmady.
Autoşowda fransuz öndürijileriň ulaglary hem köp. Aziýaly brendleri bolsa, öz önümlerini Ýewropa bazaryna tanyşdyrmak maksady bilen iň soňky önümlerini eltipdirler. Sergä Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşyp, käbir ulaglara münüp gördi we olar barada maglumat aldy.
Şeýle hem sergide elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň agdyklyk edýändigini görmek bolýar. Sergide “Dacia Manifesto Consept”, “BYD Han”, “BYD Seal”, “Seres 5”, “Jeep”-iň ilkinji elektroulagy “Avenger”, “Renault 4ever Trophy”, “Alpine A110 R”, “Alpine Formula 1 A 522”, we “Renault Scenic Vision” ýaly önümçiligi taýýar hem-de nusgalyk ulaglar görkezilýär.