Zawodyň müdiri Dmitriý Pronin Moskwiç zawodynyň geljek ýyl 50 müň awtoulag öndürmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Habar berlişine görä, zawod awtoulag önümçiliginiň başlamagyna işjeň taýýarlyk görýär. Birinji etapda awtoulag toplumlaryndan gurnamak we ýylyň ahyrynda önümçilige başlamak meýilleşdirilýär. Pronin “RIA Nowosti” habar gullugyna beren beýanatynda: “Bu ýyl 200-e golaý elektrik awtoulagy bilen jemi 600 töweregi awtoulag ýygnalar. Geljek ýyl göwrümi 50 müň awtoulag artar, şolardan 10-20 müňüsi elektrik hereketlendirijisi bolar” – diýdi. Kärhananyň esasy hyzmatdaşynyň – KAMAZ zawodynyň tehnologiýa we marketing nukdaýnazaryndan kömek etjekdigi aýdyldy. Birinji etapda SKD awtoulaglaryň ýygnalmagy, ikinjiden  önümçiligiň ýerini kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Zawodyň müdiriniň sözlerine görä, Moskwanyň Russiýada “elektroulag merkezine” öwrülmegi meýilleşdirilýär we paýtagtyň hökümeti KAMAZ bilen bilelikde infrastruktura desgalaryna hemaýat berýär. Mundan ozal Russiýanyň paýtagtynyň meri Sergeý Sobýanin Moskwiçi şu ýylyň dekabrynda işe girizmegi meýilleşdirýändiklerini aýdypdy. Moskwanyň elektrik ulagy pudagynyň merkezine öwrülmegi üçin zerur infrastrukturanyň bardygy bellenilýär.

Döwletmyrat Halytgulyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby