Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, «ak altyn» hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, ýygym möwsümini üstünlikli geçirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär. Ýygnalan hasyly daşamakda ulanylýan tehnikalar, pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar bökdençsiz işledilýär. Mundan başga-da, häkimler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, gögeriş suwuny tutmak we kadaly gögeriş almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.
Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň käbir etraplarynda pagta hasylyny wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça öňde durýan işleriň haýal alnyp barylýandygyny belläp, bu babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişinde agrotehnikanyň talaplarynyň pugta berjaý edilmelidigini, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleriniň öz wagtynda we degişli derejede geçirilmelidigini, şaly we gant şugundyry ekilen meýdanlarda ýokary hasyl almak üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, maldarçylyk hojalyklarynda bu jogapkärli möwsüm üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini aýtdy. Sebitlerde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda bugdaý ekilen meýdanlary suwarmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Lebap welaýatyna iş sapary boýunça, bu sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we bugdaý ekişini geçirmek, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler barada aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini degişli derejede hem-de agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere pagta ýygymy, bugdaý ekişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar bökdençsiz işledilmelidir. Ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin anyk çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.