Häzirki wagtda energiýanyň dürli görnüşleri bolan elektrik energiýasy, nebit we gaz uzak aralyga akdyrylýar. Fransiýa, Portugaliýa we Ispaniýa ýurtlarynyň arasynda bolsa, geljegiň energiýasy hasaplanýan wodorod akdyrmaga niýetlenen turbageçirijiniň gurulmagy meýilleşdirilýär. “BarMar” atly taslamanyň çäklerinde guruljak geçiriji “ýaşyl energiýa geçelgesi” diýlip atlandyrylýar. Ispaniýanyň hökümet başlygy Pedro Sançes täze turbageçirijiniň Ortaýer deňzi arkaly Barselona bilen Fransiýanyň Marsel şäherini we Ýewropanyň energiýa bazaryny birleşdirjekdigini aýtdy.
Bu geçirijiden ilki wagtlaýyn tebigy gaz hem akdyrylyp bilner.
Taslamanyň durmuşa geçiriljek wagty we bahasy barada maglumat berilmedi. Bu barada 8-9-njy dekabrda jikme-jik maglumat beriljekdigi mälim edildi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bu taslamanyň “Portugaliýa, Ispaniýa we Fransiýa ýurtlarynyň arasynda Fransiýanyň üstünden Ýewropanyň beýleki ýerlerini üstaşyr geçjek ýaşyl eneriýa geçelgesi boljakdygyny belledi.
Kerim Suwhanow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby
PDF









