ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň kosmos giňişliginde Gün bekedini gurmagy meýilleşdirýärler. Adaty beketlerden tapawutlylykda asman giňişliginde guruljak beketler elektrik energiýasyny üznüksiz öndürip bilýär. Kosmosda toplanan energiýany Ýere geçirmek üçin ultramelewşe gurluşlar taýýarlanar. Şeýle hem kosmos giňişliginde bulut we ýagyn ýaly howa ýagdaýlary Gün energiýasyny öndürmäge päsgel bermeýär. Kosmosdaky energiýa öndürmek mümkinçiligi Ýerdäkiden ortaça sekiz esse ýokary bolýar. Institutyň hünärmenleri şeýle taslamany durmuşa geçirmek üçin on ýyldan bäri tagalla edýärler. Taslama üçin bu döwürde millionlarça dollar pul serişdesini bölünip berlipdir. Taslamanyň çäklerinde ululygy 10 sm bolan paneljikleri ýasadylar. Bu paneller diňe bir Gün energiýasyny däl, eýsem radio ýygylyklaryna öwürmäge ukyplydyr. Bu beketler kiçi böleklerden ybarat bolup, gurnama görnüşinde bolar. Panelleriň ini 2 m we uzynlygy 60 metre çenli zolaklara goşulmak üçin niýetlenendir. Bu zolaklar takmynan, 60×60 m ululykdaky modullara birleşdiriler.
Şu ýylyň dekabrynda taslamanyň nusgalyk görnüşiniň kosmosda synagdan geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Gülnar Annaýarowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby