Fransiýanyň Alýe sebitinde litiý käni açylar. Ýewropanyň iri litiý känleriniň biri boljak bu ýer 2027-nji ýyla çenli Fransiýanyň litiý önümçiligini 34 müň tonna çykarmaga mümkinçilik berer. Litiý önümçiligi häzirki döwürde giňden öndürilip başlanan elektroulaglaryň batareýalaryny öndürmek üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär.
Fransiýadaky Bowuar ýatagyndaky litiý käni önümçilik möçberi boýunça Germaniýanyň Reýna jülgesindäki litiý önümçilik käninden soňra ululygy boýunça ikinji orunda durýar.
Ýewropa Komissiýasynyň maglumatyna görä, 2050-nji ýyla çenli elektroulaglaryň önümçiligini artdyrmak babatdaky maksatlaryna ýetmek üçin litiý önümçiligini onlarça esse artdyrmaly bolar.
Oraz ORAZNYÝAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.