Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurdumyz iri forumlaryň, halkara maslahatlaryň, dialoglaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. 26-njy oktýabrda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT-2022) paýtagtymyzda geçirilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolup, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýär.
Howanyň üýtgemeginiň dünýäniň her künjegine täsir edýän döwründe energiýany netijeli ulanmak, arassa energiýa çeşmelerine geçmek meselelerine has uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, energiýa pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebitleýin gepleşikleri işjeňleşdirmek we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek meselelerine bagyşlanan forumda howanyň üýtgemeginiň möhüm global meseleleri maslahatlaşylýar. Şu sebäpli-de forumyň alty mejlisiniň dördüsi energetikanyň geljegine bagyşlandy.
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär.
Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Döwletimiziň amala aşyrýan energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär.
Tehnologiýalaryň we ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň hem-de nebit önümleriniň sarp edilişi artýar, nebithimiýa pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemegiň we eksportynyň möçberi artdyrylýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasynyň hem-de ýurdy senagatlaşdyrmagyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanylmaga tabşyrylmagy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek, eksport ugurly gaz geçirijileriň çig mal binýadyny pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim boldy. Şol känden Türkmenistan–Hytaý transmilli gaz geçirijisi gözbaş alýar. Şu ulgam boýunça eýýäm 13 ýyla golaý wagt bäri türkmen tebigy gazy HHR-e eksport edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara ýollan gutlagynda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz senagatyny ösdürmek, türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär.
Amangül Dadaýewa,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.