Mil­li ma­na­dy­myz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan, ga­raş­syz­ly­gy­my­zy, döw­let­li­li­gi­mi­zi şöh­le­len­dir­ýän öz­bo­luş­ly ny­şan­la­ryň bi­ridir. Bil­şi­miz ýa­ly, 1993-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­dan ýe­ke-täk ka­nu­ny tö­leg we ha­sap­la­şyk se­riş­de­si hök­mün­de türk­men ma­na­dy do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­ip, ge­çen 29 ýyl ýur­du­my­zyň ma­li­ýe, yk­dy­sa­dy we bank ul­gam­la­ryn­da ýe­ti­len sep­git­le­re, ga­za­ny­lan ösüş­le­re we ama­la aşy­ry­lan öz­gert­me­le­re şa­ýat­lyk ed­ýär.
2009-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da mil­li ma­na­dy­my­zyň de­no­mi­na­si­ýa­sy ge­çi­ril­di. Ma­na­dyň go­rag­ly­ly­gy­ny we sa­tyn alyp bi­li­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de 2012, 2014, 2017-nji ýyl­lar­da mo­di­fi­sir­le­nen bank­not­la­ryň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zi­len­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.
Mil­li ma­na­dyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi ýur­du­myz­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gin­de we dur­nuk­ly, bäs­deş­li­ge ukyp­ly bank ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­ bolup, ga­raş­syz ma­li­ýe sy­ýa­sa­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär we ha­ky­ky yk­dy­sa­dy özyg­ty­ýar­ly­ly­ga eýe bol­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da türk­men ma­na­dy Ga­raş­syz, baky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär.
Häzirki wagtda içer­ki ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge ukyp­ly bank ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek ug­run­da ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. «Bank ul­ga­my­ny 2011 – 2030-njy ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, karz­laş­dyr­ma­k hem-de ila­tyň bank go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, in­ter­net we on­laýn-bank hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­me­giň ha­sa­by­na pul amal­la­ry­nyň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär.

Mer­dan SE­ÝIT­LI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.