«Italiýanyň doganlary» partiýasynyň lideri Jorja Meloniniň ýolbaşçylygyndaky Italiýanyň täze hökümeti 22-nji oktýabrda Prezident Serjo Mattarellanyň administrasiýasynda kasam kabul etdi. Dabara Prezidentiň «Kwirinal» köşgünde geçirildi. Şeýlelikde, 45 ýaşly Meloni Italiýada ilkinji zenan Premýer-ministr boldy.
Häzirki Ministrler Kabineti 25-nji sentýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan merkezi sag koalisiýanyň agzalaryndan bolan «Italiýanyň doganlary», «Liga» we «Öňe, Italiýa!» ýaly partiýalaryň wekillerinden ybarat. Täze hökümetde jemi 24 ministr wezipesi bolup, (dokuzysy döwlet ministri), olaryň altysyny zenanlar eýeleýär. Ýewropa Parlamentiniň öňki başlygy Silwio Berluskoniniň «Öňe, Italiýa!» partiýasynyň başlygynyň orunbasary Antonio Taýani Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk eder, «Liga» partiýasynyň lideri Matteo Salwini bolsa, Infrastruktura we ulag ministri wezipesini eýeledi. Şeýle hem olar wise-premýer wezipesine eýe boldular.
Ykdysadyýet we maliýe ministrligine Salwininiň iň ýakyn egindeşi Jankarlo Jorjetti ýolbaşçylyk eder. Ol ozal Ykdysady ösüş ministrligine ýolbaşçylyk edipdi. Silwio Berluskoniniň soňky hökümetinde goranmak ministri bolup işlän «Italiýanyň doganlary» partiýasyny esaslandyryjylaryň biri Gwido Krozetto ýene-de goranmak ministri wezipesine bellendi. Rimiň prefekti bolup işlän Matteo Pýantedozi içeri işler ministri boldy. Parlamentiň ýörite hyzmatlar boýunça komitetine (Copasir) ýolbaşçylyk eden «doganlar»-yň wekili Adolfo Urso Ykdysady ösüş ministrligine ýolbaşçylyk eder. Melonä iň ýakyn adam Françeska Lollobrijida oba hojalygy ministrligine ýolbaşçylyk edip, ministrligiň adyna «azyk garaşsyzlygy» sözi goşuldy.
23-nji oktýabrda Mario Dragiden Ministrler Geňeşiniň täze başlygy Jorja Melonä ygtyýarlyklaryň gowşurylyş dabarasy bolup, soňra Ministrler Geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Ministrler Kabinetiniň täze düzümi parlament agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen makullandy.