Russiýanyň Günorta Ural döwlet uniwersitetiniň hünärmenleri howany ownuk hapalaýjylardan arassalaýan enjamyň işlemegini üpjün etjek programmalary döretdiler. “Akylly sanly agaç” atly enjam köp ilatly iri şäherlerde, senagat sebitlerinde we awtoulag ýollarynyň golaýynda howany arassalamak üçin çözgüt hökmünde teklip edilýär. Diňe ýerde däl, köp gatly binalaryň balkonlarynda ýa-da üçeginde hem gurnap boljak enjam kömürturşy gazyny tebigy ýagdaýda kisloroda öwürýän panelleri bilen üpjün ediler.
Oýlap tapyş üçin degişli patentiň alnandygy we awtorlyk hukugy berlendigi mälim edildi.
Enjamyň üstünde paneller we süzgüç bar. Bir “akylly” agajyň 200-den gowrak hakyky agajyňky ýaly howany arassalaýandygy mälim edildi.
Bu enjam “jisimleriň interneti” (IoT) tehnologiýasynyň kömegi bilen işleýär. Sensorlar ýörite taýýarlanan dolandyryş panelinde gerekli maglumatlary şobada görkezýär. Onda süzgüçden geçirilen howanyň göwrümi, ulgamyň ýagdaýy, howanyň meteorologik ýagdaýy baradaky maglumatlary görüp bolýar.
Mergen Jotykow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby