23-nji okt­ýabr­da Slo­we­ni­ýa­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Bu sy­ýa­sy çä­re­de da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si­niň ga­za­nan ses­le­ri 50%-den geç­män­soň, saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gyr­y ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň döw­let saý­law ko­mis­si­ýa­sy ha­bar ber­di.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ses­le­riň kö­pü­si­ni 34,75% bi­len sag­çy sy­ýa­sat­çy, Slo­we­ni­ýa­nyň de­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan (SDP) öň­ki da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri An­že Lo­gar eýe­le­di. In­di ol ikin­ji tap­gyr­da, ga­raş­syz da­laş­gär Na­ta­şa Pirs-Mu­sar bi­len bäs­le­şer. Onuň ga­za­nan ses­le­ri, tak­my­nan, 26,4%-e deň. Üçün­ji orun­da 16% se­se eýe bo­lan do­lan­dy­ry­jy «Er­kin­lik» he­re­ke­tin­den we so­si­al-de­mok­rat­lar­dan da­laş­gär Mi­lan Brg­lez bar. Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry 13-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­ler.
Saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ry­na ýe­di da­laş­gär gat­naş­dy. Ýurt­da 1 mil­li­on 696 müň 893 saý­law­çy ha­sa­ba alyn­dy. Ýur­duň ra­ýat­la­ry 1991-nji ýyl­da ga­raş­syz­ly­ga eýe bo­lnan­dan soň, bä­şin­ji Pre­zi­den­ti saý­la­ýar­lar.