Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hindistany ählumumy maýlama we howanyň üýtgemegine garşy göreşde nusgalyk ýurt bolmaga çagyrdy. Guterriş bu barada şu ýyl özüniň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň 75 ýyllygyny belleýän Hindistanda iki günlük sapary wagtynda aýtdy.