Ýü­züp bil­ýän, ýö­ne uçup bil­me­ýän ýe­ke-täk guş bo­lan ping­win­le­riň dün­ýä­de 20 tö­we­re­gi gör­nü­şi­niň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Daş­ky gör­nü­şi, gys­ga aýa­gy, moý­kul­dap ýö­re­me­gi bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän ping­win­le­riň esa­sy me­ka­ny An­tark­ti­da di­ýip bi­lin­ýän hem bol­sa, ola­ryň ys­sy ýurt­lar­da, hat­da çöl­lük ýer­ler­de ýa­şa­ýan gör­nüş­le­ri hem bar. Ýag­ny olar di­ňe de­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da däl-de, ek­wa­to­ra go­laý ýer­ler­de hem ýa­şa­ýar­lar. Ge­liň, ola­ryň kä­bir gör­nü­şi ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry öw­re­ne­liň!

Ma­gel­lan ping­wi­ni. 1520-nji ýyl­lar­da por­tu­ga­li­ýa­ly göz­leg­çi Fer­nan Ma­gel­lan Ýer şa­ry­nyň da­şy­ny aý­lan­mak üçin eden de­ňiz sy­ýa­ha­tyn­da ping­win­le­riň bir to­pa­ry­nyň üs­tün­den bar­ýar. Şeý­le­lik­de, ping­win­le­riň bu gör­nü­şi sy­ýa­hat­çy­nyň hor­ma­ty­na «ma­gel­lan ping­wi­ni» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Folk­lend ada­la­ryn­da, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň Ýu­waş um­ma­ny we At­lan­tik ke­nar­la­ryn­da hem-de Ar­gen­ti­na­nyň deňiz ýakasynda ýa­şa­ýan bu ping­win­ler «sphe­niscus» uru­gy­nyň iň uly ag­za­la­ry­dyr. Bu urug af­ri­kaly ping­win­le­ri­, gum­boldt we ga­la­pa­gos ping­win­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. Ma­gel­lan ping­win­le­ri­niň bo­ýy 70 san­ti­met­re, ag­ra­my 4-5 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Ke­nar­da­ky ga­ýa­ly to­kaý­lar­da ýa­şa­ma­ga uý­gun­la­şan deň­ziň ez­ber ýü­zü­ji­le­ri ba­lyk­lar bi­len bir ha­tar­da de­ňiz ot­la­ry hem-de ýer­de bit­ýän ösüm­lik­ler bi­len hem iý­mit­len­ýär­ler. 2004-nji ýyl­da ma­gel­lan ping­win­le­ri Te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Ga­la­pa­gos ping­wi­ni. Ga­la­pa­gos ada­sy­nyň gün­ba­ta­ryn­da ýa­şa­ýan bu ping­win­ler guý­ru­gyn­dan çüň­kü­ne çen­li uza­lyp gid­ýän ga­ra ýe­lek­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ga­ly­ber­se-de, onuň gö­zü­niň gy­ra­syn­dan da­ma­gy­na çen­li ak zo­la­gy bar. Ga­la­pa­gos ping­win­le­riň iň ki­çi gör­nü­şi ha­sap­lan­ýar. Bo­ýy 53 san­ti­met­r, ag­ra­my 1,5-2,5 ki­log­ram tö­we­re­gi bo­lan Ga­la­pa­gos ada­sy­nyň «ýa­şaý­jy­la­ry» kül­ke ba­lyk­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Ki­çi­jik ping­win­le­r azal­ýan­dy­gy se­bäp­li 2000-nji ýyl­da Te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Af­ri­ka­ly ping­win­ler. Dö­şü­niň üs­tün­den we ýeň­se­sin­den aý­law­ly ga­ra zo­la­gyň geç­me­gi hem-de aýa­gy­nyň ga­ra bol­ma­gy af­ri­ka­ly ping­win­le­re mah­sus ala­mat­lar­dyr. Olar Na­mi­bi­ýa­nyň we Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň ke­nar­la­ry­ny mes­gen tu­tu­nan­dy­gy üçin «af­ri­kaly ping­win­le­r» di­ýip at­lan­dy­ryl­ýar. Bo­ýy 60-68 san­ti­met­r, ag­ra­my 3-4 ki­log­ram tö­we­re­gi bo­lup, ys­sy ho­wa uý­gun­la­şan, ba­lyk­lar bi­len bir ha­tar­da çä­ge­dä­ki mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýän af­ri­ka­ly ping­win­ler 2010-njy ýyl­da ýi­tip git­mek how­py aban­ýan guş­la­ryň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Gum­boldt ping­wi­ni. Pe­ru­nyň we Çi­li­niň ke­nar­la­ryn­da, Ýu­waş um­ma­ny­ ada­la­ryn­da ýa­şa­ýan ping­wi­niň bu gör­nü­şi beý­le­ki­ler­den owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gar­nyn­da ga­ra teg­mil­le­ri bo­lan, gö­zü­niň üs­tün­den ga­na­ty­na uzap gaýd­ýan ak zo­lak­ly gum­boldt ping­wi­ni­niň ýü­zün­de gül­gü­ne bö­le­gi bar. Bo­ýy 65-70 san­ti­met­re, ag­ra­my 4-5 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bo­lan bu ping­win­ler sar­di­na ba­ly­gy we se­fa­lo­pod­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Olar awuny tut­mak üçin 150 metr çuň­lu­ga çü­müp bil­ýär­ler. Gum­boldt ping­win­le­ri te­bi­gy tä­sir­le­riň ýe­tir­ýän zy­ýa­ny se­bäp­li 2000-nji ýyl­da Te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Gaş­ly ping­win. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň en­de­mik gu­şy bo­lan bu ping­win­le­re Bo­un­ty we An­ti­po­des ada­la­ryn­da hem duş gel­mek bol­ýar. Göw­re­si­niň ýa­ry­sy ga­ra, ýa­ry­sy ak sü­tük­li bolan bu ping­win­le­riň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy gö­zü­niň üs­tün­de se­çe­le­nip du­ran sa­ry ga­şy­nyň bol­ma­gy­dyr. Gy­şy de­ňiz­de ge­çir­ýän gaş­ly ping­win­le­riň bo­ýy 50-70 san­ti­met­re, ag­ra­my 2,5-6 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Esa­sy iý­mi­ti ow­nuk ba­lyk­lar bo­lan ping­wi­niň bu gör­nü­şi ýi­tip bar­ýan guş­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýär.
Ping­win­ler, esa­san, de­ňiz ke­nar­la­ryn­da ýa­şa­ýan guş­lar bo­lup, olar köp­lenç daş­ky gör­nü­şi, ulu­ly­gy we ýa­şa­ýyş şer­ti bi­len biri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Bo­ýy 100 san­ti­met­re, ag­ra­my 20-45 ki­log­ra­ma ýet­ýän, de­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da ýa­şa­ýan «Im­pe­ra­tor» ping­win­le­riň iň uly gör­nü­şi ha­sap­lan­ýar. Olar An­tark­ti­da­nyň en­de­mik guş­la­ry­dyr.