28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar, “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda oba hojalygy, lukmançylyk, derman, azyk we himiýa senagatlary, ekologiýa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy barlaglar alnyp barylýar.
Wise-premýer Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 39-njy Bütindünýä maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezini bu assosiasiýanyň agzalygyna kabul etmek boýunça çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Şeýle-de döwlet maksatnamalarynda bellenen wezipelerden ugur alyp hem-de türkmen alymlarynyň ylmy barlaglaryny halkara giňişlikde giňden wagyz etmek maksady bilen, hojalyk hasaplaşygynda işleýän Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek hem-de ony elektron görnüşde internet ulgamy arkaly ýaýratmak maksadalaýyk hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleriň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini kesgitleýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň ýurdumyzyň alymlaryna dünýä derejesindäki barlaglara gatnaşmagyny ep-esli işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini, elektron ylmy-amaly žurnalyň döredilmeginiň bolsa giň ylmy jemgyýetçiligi türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz žurnalyň çuň many-mazmunly bolmalydygyny, onda ýerleşdiriljek makalalarda bolsa ileri tutulýan ugurlar boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy işleriň hem-de innowasion işläp taýýarlamalaryň şöhlelenmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.