«Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ilon Mask ar­zan ba­ha­ly elekt­rou­lag ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň iň ar­zan mo­de­li bo­lan «Mo­del Y» ula­gy­nyň ba­ha­sy 30 müň dol­lar­dan ýo­ka­ry. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri köp ýyl­dan bä­ri ar­zan elekt­rou­lag ön­dür­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýärler. Mun­dan ozal ba­ha­sy 25 müň dol­lar bol­jak ulagyň ön­düriljek­digi mä­lim edi­lip­di. Elekt­rou­la­gyň esa­sy bö­le­gi bo­lan ba­ta­re­ýa­ny ön­dür­mek üçin ge­rek bo­lan çig ma­lyň gym­mat­dy­gy bu ulag­la­ryň ba­ha­sy­nyň hem gym­mat bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ilon Mask kom­pa­ni­ýa­nyň in­že­ner­le­ri­niň has ar­zan plat­for­ma­nyň üs­tün­de iş­le­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy. Bel­li işe­wür «Cybert­rucks» hem-de «Se­mi» üçin in­že­ner­çi­lik işi­niň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny aý­dyp, şol se­bäp­li «Mo­del 3» hem-de «Mo­del Y» plat­for­ma­sy­nyň ba­ha­sy­nyň ýa­ry­sy­na ba­ra­bar bol­jak tä­ze ula­gyň üstünde işleniljekdigini aýt­dy. Mask bu ula­gyň has ki­çi we amat­ly ba­ha­dan sa­tyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Se­lim ŞE­MI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.