Häzirki wagtda ýokary tizlikli otlular sagatda ortaça 250-300 kilometr tizlik bilen hereket edýärler. Iň ýokary tizlikli otly bolsa Şanhaýyň Halkara howa menzili bilen şäheriň aralygynda gatnap, sagatda 500 kilometrden ýokary tizlik bilen hereket edýär. «Maglev» atly ulgamdan peýdalanýan bu otlularyň magnitli tigirleri bolup, olar relse degmeýändigi sebäpli sürtülme iň az derejä ýetip, ýokary tizlik bilen üpjün edilýär.
Emma soňky ýyllarda howa sürtülmesini aradan aýryp, has çalt gidýän ulgamlar synagdan geçirilýär. «Hyperloop» atly bu ulgam dünýäniň birnäçe ýurdunda barlanyp görüldi. Häzire çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Birleşen Arap Emirliklerinde synagdan geçirilen bu ulgam Hytaýda kämilleşdirilýär. Hytaý bu ugurda hem öňdeligi eýelemek isleýär. 2 kilometr aralykda geçirilen synagda otlynyň sagatda 1 müň kilometrden ýokary tizlikde gidip biljekdigi anyklanypdyr. Howasyz tunneliň içinden geçýän otlynyň wagonlarynyň tigirleri ýere degmeýär. Bu ýagdaý energiýany ep-esli tygşytlamaga ýardam edýär.
Güljahan AGAJANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









